senorita
10.03.2024 09:53
Häzirki wagtda ajaýyp gymmatlyklar hasaplanýan köp sanly nusgawy binalar bir wagtlar hiç hili ähmiýet berilmän, tersine gurulmagy hem oňlanmandy. Olary gymmatdygy, aşa tagaşyksyz görlendigi hem-de däp-dessurlara laýyk gelmeýändigi üçin tankyt edipdiler.

Ilkibada jemgyýet tarapyndan şeýle ret edilen käbir meşhur binalary dykgatyňyza ýetirýäris.

🗼 Eýfel diňi — Fransiýanyň iň meşhur, tanalýan nyşanlaryndan biri. Häzirki wagtda ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär we her ýylda millionlarça jahankeşdäni özüne çekýär. Şeýle-de bolsa, 1889-njy ýylda gurluşygy tamamlanandan soň, onuň tankydy garaýyşlara uçranyny az adam bilýän bolsa gerek.

Parižlileriň köpüsi bu diňi taryhy şäher merkezinde gaty tagaşyksyz we ýerliksiz ýerleşdirilen bina hasaplapdyrlar. Ol barada «al kakmyş» hem-de «örän elhenç görünýän bina» diýen ýaly meňzetmeli sözleri aýdypdyrlar. Gi de Mopassan we Aleksandr Dýuma ýaly tanymal ýazyjylardyr sungat işgärleri diňiň gurulmagyna garşy çykypdyrlar.

Mopassan hemişe diýen ýaly diňiň birinji gatynda ýerleşýän restoranda naharlanar eken. Näme üçin beýle edýändigini soranlarynda, ýazyjy: «Bu Parižde Eýfel diňi görünmeýän ýeke-täk ýer» – diýip jogap beripdir.

1889-njy ýylda 300 sany sungat wekili diňiň ýykylmagyny talap edýän haýyşnama gol çekipdir. Emma olaryň haýyşy ýerine ýetirilmändir.
31
69
senorita
10 Mart 2024
@ayymsha, 🌹
ayymsha
10 Mart 2024
❤👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.