flowers_
09.03.2024 23:46

GABAN!



Gaban!
Belki, sebäp bardyr gabanýan bolsañ,
Gabanmasañ näderdim.
Saña munça yhlas edip,
Halanmasam näderdim.
Gabanmaýan,
Gysganmaýan meñki däldir,
Nä derdim?!

Şonuñ üçin gaban meni,
Ýak meni,
Ot bilen däl, söýgiñ bilen.
Sakla meni gysymyñda,
Señ elleriñ gyssa bolýar.
Aslynda men idemeseñ,
Soramasañ hassa bolyan.

Gaban meni,
Gabanjañlar heder etsin!
Gaban meni!
Menden başga gözleriñe ilmesin.
Gaban meni!
Gysgan meni!
Tä adyñy ýazýançalar
Kitabyna Ginnesiñ!
Sen meni şeýle bir gaban,
Şeýle söý:
Guraly ajaýyp ýadygärligi
Ýaş-ýeleñleñ iñ köp barýan ýerinde,
Durar ýaly asyrlap.
Goý, ol päk söýginiñ nyşany bolsun,
Öñünde juwanlar biri-birine
Hoş söz aýtsyn,
Wada bersin,
Guşlar uçsun pasyrdap.

Sebäp bilen gaban,
Keýpine gaban!
Nähili isleseñ bolsun şo hili.
Ýekelikde gaban,
Köplükde gaban,
Sorasalar aýdaý: "Şonuñ ýesiri.
Troýanyñ şazadasy Paris deý
Bagtly bolmak üçin islendik zada
Islendik söweşe taýynyñ biri!.
Ah, saýylyñ biri".

Gaban!
Gündizlere "gardaşyñ" diýip,
Gaban!
Gijelere "syrdaşyñ" diyip.
Ukymy bir şaýa satýanym üçin.
Galamy gujaklap ýatýanym üçin.
Söýemde serhetden agýanym üçin,
Yşkyñ köçesinde ygýanym üçin.
Gurt arkalysyrap gezjek halyma,
Geýýändigim üçin geýmin gedaýyñ.
Unudýanym üçin mahal-mahallar
Hossar gözläp, hossardygny Hudaýyñ.

Gaban!
"Sözlerini oýnadýar" diýip,
"Ylhama başyny aýladýar" diýip,
Gaban, "Goşgy ýazýar" diyip,
Gaban, "Aýdym aýdýar" diyip,
"Käteler bolsa özüne
Tansçydyr öýdýär" diýip.
Diý: "Juda kän gülýär, eger gülmese,
Kalbynyñ ýarasy bitmejek ýaly.
Ýazyp, bozup, gezip, tozup, şatlanyp,
Ýaşaýar dünýäden gitmejek ýaly".

Gaban!
Sen hakdaky şygyrlarymy
Dünýä diñlesin!
Hatda senden bi:din meniñ yanyma
Ölümem arkaýyn gelip bilmesin.




Gurbanjemal ANNAKOWA.
34
64
Myhman Myhman
10 Mart 2024
Flowers aýdymdaky,🤣🤣
flowers_
10 Mart 2024
@Myhman Myhman, haýsy manolýa😄
Myhman Myhman
10 Mart 2024
Men manolya 🤦myhman nämay
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Gabanýana seni )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.