tmyigit76
09.03.2024 19:34

Asmanda bir aý bar...



Ýaremezan türkmen halk döredijiliginiň topar- larynyň biri bolup, meret (sagban) aýynyň ahyrky güni, oraza (remezan) aýynyň gelen- digini buşlap, gapy-gapy aýlanyp, agşamara aýdylýar. Ýaremezan dini ündeýänligi sebäpli, bir döwürde ony aýtmak gadagandy. Döwrüň üýtgemegi bilen ol täzeden dikeldilip başlandy.

Ýaremezan araplaryň remezan, ýagny doku- zynjy aýynyň ady bolup, türkmenlerde oraz (oraza), käbir şiwelerde "araza", "roza" diýip hem aýdylýar. Çagalar oraz aýy başlananda öýme-öý aýlanyp, şowhunly sesleri bilen onuň sanawaçlaryny gaty gygyryp, çasly ses bilen ýaňlandyryp başlaýarlar. Çagalar her öýüň gapysyna baryp, "Baý öýüne bereket!'' diýýärler. Soňra olaryň biri şeýle sanawaja başlaýar:



Ýokarda bir Aý bar,
Ujy gyzyl ýaý bar,
Pygamberiň saçagynda,
Bize goýlan paý bar,
Muhammet ymmaty, ýaremezan!

Oraza geldi haý bilen,
Bir meleje taý bilen,
Taýym batga batanda,
Çykaryň haý-haý bilen.

O ýanyňam dereje,
Bu ýanyňam dereje.
Berjek bolsaň ber geleje.
Ýaremezan!

Oraza geldi ilimden,
Tutdy halkyň bilinden,
Öldüm-öldüm diýende,
Baýram aldy elinden.

Oraza aýlary geler-de geçer,
Merediň on dördüne halkyny seçer." ¹
Atyny eýerläp, müner-de gaçar,
Muhammet ymmaty, ýaremezan!

Biz-ä sizi baý gördük,
Tüýnügňizden Aý gördük,
Altyn bilen apardyk,
Kümüş bilen gopardyk.

Köp bereniň ogly bolsun,
Az bereniň gyzy bolsun,
Muhammet ymmaty, yaremezan!


────────

¹«Merediň on dördüne halkyny seçer» diýilmeginiň sebäbi Hudaýtagala meret (hijri-kamary aý hasaby boýunça sekizinji aýda) aýynyň on dördüne asmandan perişdeleri iberip bir ýyla (indiki meret aýyna) çenli ýaşamalylaryň sanawyny düzýärmiş.

______________


Bu soňky bent köp ýerlerde köplük bolup aý- dylýar. Bu bentleri eşiden öý eýesi ýaremezan sanawajyny aýdýanlara köke, süýji, kime bolsa bir bölek gant.. eçilýär.

Ýaremezanyň sanawaçlary köplenç bir oglan tarapyndan sanalýar. Oglan bilen bile öýlere aýlanýan ýaremezançylar bolsa "ýaremezan", ýa Alla", "Muhammet ymmaty, ýaremezan!" diýip gygyryşýarlar. Öý eýesi olardan:

"Daşa gurt düşse, nädip aýyrjak" diýip soraýar. Olar: "Düýäniň şahy bilen" diýip jogap berýärler. Öý eýesi: "Düýäniň hem şahy bolarmy?" diýýär. Ýaremezan gezýänlerem: "Heý daşa-da gurt düşermi?" diýýärler.

Şeýle sorag-jogap alyşmak çagalaryň pikirleniş ukyplaryny ösdürýär, dil baýlygyny artdyrýar. Ýaremezan sanawaçlarynda halallyga, päk zähmet çekmeklige, oraza tutmaklyga ça- gyrylýar. Adamlara ýagşy dilegler edilýär.

64
563
Myhman Myhman
10 Mart 2024
👍
tmyigit76
10 Mart 2024
@Myhman Myhman, salam.
Myhman Myhman
10 Mart 2024
Salam
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Bolýa Sagboluň
tmyigit76
9 Mart 2024
@Myhman Myhman, bolýa
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Aý ýokla nomur ýazmalymy bolsa hökman dälle. Ondada kömegiňiz üçin Sagboluň
tmyigit76
9 Mart 2024
@Myhman Myhman, hawa nomer ýazmaly. Arkaýyn yzarlaýan jaň etýän ýok
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Şo agza bolmak üçin nomur ýazmalymy? Nomur ýazyp girmeli bolsa agza boljak däl
tmyigit76
9 Mart 2024
@Myhman Myhman, bäh, içiňizä gysandyr onda. Agza bolaýyň. Kyn dälä
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Programa girenme 2 ya 3 aý bolandyr. Şu gün görsem postuň aşagynda teswir ýaz çykdy. Şonda şu wagt menem ýazyp oturyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.