flowers_
09.03.2024 11:19
"Bedenimi ýakjak hindiler deýin, Hem ozal tapmadyk özümi tapjak"


Goşlam ýene meni äkidip barýar,
Aýnadakam öňkiler deý ylhamsyz.
Ýol ugrunda terminaldan pul salyp,
Seniň bilen söhbet etdim - ulgamsyz.

Göwni görýänlerem geçmişde galdy,
Degýänem ýok, öz-özüme degmesem.
Adam bolup uçmak isläpdim,
ýöne...
Uçanoga guş diýenleň hemmesem.

Giň dünýäniň bu şäheri dar maňa
Göwräme seretsem - buda kontrast.
(Meniň maňlaýdaş okyjylarmyňam,
setirlerimiňem menden ireni rast.)

Ýerinde ýok eken, bolmasa düýnem
Ýüregimi ýoklajakdym dilleşip.
Bu ýalança geleni-de köp juda,
Heýkelin oturtmaň maňa meňzeşiň.

Kölegämi gyrkyp öýde ýatyrjak,
Beýnimi nyşanlap onlukdan atjak.
Bedenimi ýakjak hindiler deýin,
Hem ozal tapmadyk özümi tapjak.



Ylham GURBANALYÝEW.
38
160
flowers_
10 Mart 2024
@lavinya_, 💜
lavinya_
10 Mart 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Sag bolyn! Janynyz sag bolsun!😄😄
flowers_
9 Mart 2024
@amanmyradowna_, gowy Hudaya sukur 🥰
amanmyradowna_
9 Mart 2024
@flowers_, gowy. Siz gowmy?
flowers_
9 Mart 2024
@amanmyradowna_, gowumy 🤗
amanmyradowna_
9 Mart 2024
👍👍👍
flowers_
9 Mart 2024
@Myhman Myhman, bolupdyr, gutly bolsun onda)
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Mena Jahan ozimem Lewapdan
Myhman Myhman
9 Mart 2024
@Myhman Myhman, tanyşlyk açmak bolmaýa 🤦🏻‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.