flowers_
08.03.2024 22:31

NOWJUWAN BOLMAZ.





Eý, agalar, dostum bilen sözleşdim,
Arzy-halym ýara diýsem, kän bolmaz.
Gije-gündiz bu yşk bilen ýanaryn,
Nedir halyň diýip, bir soran bolmaz.

Söwdügim sözüňe iller höwesdir,
Eger kem söýlesem, dilimi kesdir.
Bu gözellik kimden saňa mirasdyr,
Gözellerde beýle nowjuwan bolmaz.

Ala göz üstünde helal gaşlary,
Misli zer dek öwser ýaryň saçlary,
Gülgündir dodagy, hünji dişleri,
Meniň sonam kimin gülbeden bolmaz.

Garajaoglan çykmyş ýaryň bagyndan,
Goşa meňi bardyr soly-sagyndan,
Gözel, bir posa ber al ýaňagyňdan,
Gysgançlykdan asyl hiç baýan bolmaz.

34
77
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Baýramyñ bilen diýjek boldym bagşlañ😁
flowers_
9 Mart 2024
@Myhman Myhman, gowy🙋‍♀️,kim baýram🤔
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Salam gowmy ýagdaýlar 🙋🏻‍♀️Gelneje Baýram bilen😍
Älem Sesi agzasy
9 Mart 2024
Örän gowy❤️❤️❤️🌹🌹🌹🌹
flowers_
9 Mart 2024
@sweet_poison, sagbol! 🌷💝
flowers_
8 Mart 2024
@awgust, menem)❤
awgust
8 Mart 2024
Aydymy gowy shuň...Soňky bendinde tonyny beygeldip aydyşyny halayan(Pälwan H)❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.