Zenan - bäş harp.
Dünýe ýaly çuň many.
Zenanlaň dünýäsi şeýle üýtgeşik.
Siz ýok - manysyz geçerdi bu pany,
Sizsiz - bu dünýä bolardy betgelşik.
Zenanlar ýylgyrsa, älem ýylgyrar,
Zenanlar ýylgyrsa - görk alar dünýä.
Siz bilen ýaşar iň beýik duýgular,
Sizsiz näme bolar, aýdyň kim bilýä?!
Zenan geçmişiňdir hem-de geljegiň,
Täze döwür.
Täze nesil.
Dowamat.
Zenan gözüň açyp ilki görjegiň,
Ýerde dörän gudrat.
Kerem-keramat.
Zenan mydam bolmalydyr - bagtyýar,
Çapdyrmaň hiç, göwnüňizde gam atyn!
Zenan mydam bolmalydyr - bagta ýar,
Gaçyrmalyň zenanlaryň gymmatyn!
*****
Salam Öwrenmeliniň bir-birinden ajaýyp, gülden görkana, aýdanam ajap mähriban gelin-gyzlary, hormatly zenanlarmyz.
Siziň hemmejäňizi yetip gelen 8-nji mart halkara zenanlar günüňiz bilen gutlaýaryn. Goý, hemişe siziň ömrüňiz hem-de özüňiz baharyň ajaýyp gülleri ýaly ajaýyp, owadan bolsun. Her bir güniňiz ajaplyklara beslensin. Bagtdan paýly, söýgüden serpaýly bolup ýaşaň!