flowers_
08.03.2024 11:56

ZENAN DIÝMEK.





Gurt Näzliýew.
Zenan diýmek - eneňdir,
Ýary gije ýatandyr,
Daň saz berse dogandyr,
Aňzaklarda doňandyr,
Hor - zar etmejek bolup,
Gije - gündiz eňendir,
Sebäbi, ol eneňdir.

Zenan diýmek - uýaňdyr,
Ýúzúň nury, tuwagy,
Utanjaňdyr, haýaňdyr,
Ýagşy günde begenjiň,
Kyn gúnúňde söýäňdir,
Saňa geljek belanyň,
Öňüňdäki gaýaňdyr,
Sebäbi, ol uýaňdyr.

Zenan diýmek - ýaryňdyr,
Ömürlik ýanýoldaşyň,
Baýlygyňdyr, baryňdyr,
Alawlaýan ojagyň,
Namysyňdyr, aryňdyr,
Keşgiňi deň çekişýän,
Ýakyn howandaryňdyr,
Sebäbi, ol ýaryňdyr.

Zenan diýmek - gyzyňdyr,
Teşne kalbyň gandyrjak,
Aýdymyňdyr, sazyňdyr,
Ömre şatlyk getirjek,
Gül - gunçaly ýazyňdyr,
Ogul bilen deň durjak,
Dowamyňdyr, yzyňdyr,
Sebäbi, ol gyzyňdyr.

Zenan diýmek - dúnýedir,
Adamzada dowamdyr,
Gelip - gidýän demiňdir,
Sorup alýan howaňdyr,
Zenan başy dik bolsa,
Ýaşaýşa gúwäňdir.
Ondan gymmat zat bolmaz,
Tumaryňdyr, dogaňdyr.
Çünki zenan - ýaryňdyr.
Çünki zenan - gyzyňdyr.
Çünki zenan - uýaňdyr.
Çünki zenan - ENEŇDIR!





Gurt Näzliýew.


Dunyäniñ görki Zeminiñ erki, Mukaddes ojagyñ alawlap duran ody, ýoldaşyna wepaly, Perzentlerine perisde, Ezizlerine ruhy güýç bolan mähriban zenan! Sizi zenanlar baýramy bilen gutlayaryn!
Size beyik Biribardan jan saglyk agzybirlik egsilmez bagt arzuw edýärin.
Wepaly ýanýoldaş, mähriban uya, gadyrdan elti, mylayym gelin, bagtly eje bolup uzak yyllar bayram bellemek nesip etsin!
Durmuşunyz Baharyñ ajayyp bägülleri ýaly owadan bolsun!
35
67
manolya
8 Mart 2024
@flowers_, 😅😍
flowers_
8 Mart 2024
@manolya, çalaja men owadan bolaýmasam))😌
manolya
8 Mart 2024
@flowers_, ☺💐 ) syratyňam maňa meňzeşmi ?
flowers_
8 Mart 2024
@manolya, öñem diýyän men sen ynanañok😁😘
manolya
8 Mart 2024
Güller juda meňzes seniň görküne
Juda juda mährem seň bolşun yaly
Şoň üçinem seni Yalkan Hudayym
Hasyl etsin kalbyňdaky hyyaly
🌹🪷🌸8- nji mart bayramynyz gutly bolsun!
manolya
8 Mart 2024
Menem goýjak bolup ýördim şul goşgyny🤦 panýatamyz deňiräk öýdýän😁
bitanem
8 Mart 2024
Sag boluñ
flowers_
8 Mart 2024
@mandarin, minnetdar! Sagbol köp, köp! 🤍
mandarin
8 Mart 2024
@flowers_, salam genji 8nji mart bayramyn bn gutlayan
flowers_
8 Mart 2024
@Tüweleý🌪, thank you! 😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.