flowers_
07.03.2024 23:44

SALGY.




Meni ýitirseň, gynanman,
Ýüregiňe diň sal, diňle.
Men nirde bolup bilerin?
Nire mensiz bolup bilmez?

Bilýäň, asmany söýýänmi,
Asmaňa bakarsyň hökman.
Ýöne men asmanda bolman,
Men ýeke uçmaga gorkýan.

Gyş bolsa gözleýän paslyň,
Gara seredersiň siňe.
Ýaz bolsa, güle bakarsyň.
Güýz ýele, tomusam Güne.
Soňra bolsa gözlemersiň...
Ýadarsyň,
ýa «Bar, gitsin!» bor.

Bir gün bolsa tokaýlykdan,
Bäs gelip bilmän keýpiňe,
Sen geçip gidersiň gülüp,
Hem aýdym aýdyp keýpine.

Bu gowy zat, başyň-a dik.
Hem agaçlar, hemem aýdym...

Emma birden, yza dönüp,
Bir zatlar gelip seriňe,
Gelermikäň ýel omuran
agajyň ýatan ýerine.

Aýryp şahaň ýapraklaryn,
Ellerňe tiken çümdürip,
Özüňde bar bolan ähli,
Üşük-yhlasyň siňdirip.

Duýarmykaň şol ýüregi,
Urup duran gowşajykdan...
Sorarmykaň meni maňa
Meňzäp duran towşanjykdan?!





Aýgül GARAÝEWA.
33
79
flowers_
8 Mart 2024
@garajaoglan, wahh men ol obadan däldä arman, ýogsa..))
flowers_
8 Mart 2024
@manolya, minnetdar! 💝
flowers_
8 Mart 2024
@garajaoglan, bar how tanamaýan garyndaşyñ çada çagyrýa😂@geldiyevna, ady name diýipdiñ garajoglanyñ😁
manolya
8 Mart 2024
Baýramyňyz bilen 💐
awgust
7 Mart 2024
❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.