gerceknazar
07.03.2024 18:19
Durmuş-nowelladyr.

Ol gün howa biraz bulaşyk bolupdy.Asmanyň ýüzi gara bulutlar bilen örtülip tebigat alagaraňky ýagdaýdady. Günbatar şemaly köwsarlap ýagyşyň ysyny berýärdi. Gap-gara bulutlar Güneşi bir eýýäm gizläpdi. Ana şo gün meniň durmuşymda hiç ýatdymdan çykmajak günleriň biri boldy. 2008-nji ýylyň ýaz aýlarynyň ýakymly günleriniň birinde ,ýaňy bir çagalyk müçesinden ätläýen wagtlarym , ýagny on üç ýaşymda  ilkinji gezek meýdana goýun bakmaga barýardym. Çarwaçylyk atamdan galan miras bolsada dowarlary nirede otlatmaly, nirede suwlatmaly hiç hili habarym ýokdy. Hatda olary  nirede bakmalydygyny hem bilmeýärdim. Baş gahrymanymyz mallary ýatakdan çykardy-da olaryň yzyna düşüp gidiberdi. Goýunlar obanyň gaýrasyna çykdylar-da , bir ýodajyk bilen ýöräberdiler. Ýaşajyk çopan hem dowarlaryň yzyna düşüp barşyna, ýodanyň gyrasynda guma bulaşyp ýatan ulyrak ýaşyl depdere gözi düşdi. Ol goýunlaryndan biraz daşlaşyp, ýaşyl depderi eline aldy.

-Bu nämekä?- diýip depderiň ilkinji sahypalaryny okap başlady.
-"Syrdaşym-gündeligim". Bä biriniň gündeligi öýdýän

Gündelik meni bada-bat özüne çekdi. Soňra  gündelikden biraz ünsüni sowup töweregine garanjakladym . Hanha goýunlar has dogrysy goýunlary yzyna tirkäp barýan geçiler , şol ýoda bilen gaýralygyna tutdyrylyp barýardylar . Men  dowarlaryň yzyndan ylgap ýetdimde geçileri ýodadan sowup , günbatardaky otlyrak ýere kowdym. Geçiler bir ýerlere howlugýan ýaly eňip barsalarda , goýunlaryň bar aladasy otlurak ýer tapsa otlamakdy. A meniňem bar aladam elimdäki ýaňy tapan gündeligi okamak boldy. Ahyry geçiler hem otlamana başladylar . Soň gahrymanymyz gündeligiň ilkinji sahypasyny okap başlady.

SYRDAŞYM-GÜNDELIGIM

Durmuş manyly bolýar,
Undup kine gahary,
Duýgymyzy paýlaşmaga,
Syrdaşyň bar mahaly.

Sabyr,sabyr,sabyr ýene-de bir gezek sabyr . Bu depderçäme men  "gündelik" dälde "syrdaşym" diýip atlandyrasym gelýär. Sebäbi onuň bilen ähli syrlarymy paýlaşyp , ýüregime agram salyp , içime sygmadyk duýgylarymy, şatlygymy, gaýgylarymy... syrdaşym gündeligim bilen paýlaşasym gelýär.

Salam .

Salam syrdaşym! Gowymy ýagdaýlaryň ? Syrdaşymyň häzirlikçe gepläp bilmeýänem gowy zat . Sebäbi häzir men hiç gepletmän , öz içimi nämede bolsa bir zada dökesim gelýär.Inhä-de saňa hemsyrdaş ýakyn dost. Içiňi dökde otyr.

Öwrenişmek.

Bä syrdaşyma ilki nämeleri gürrüň berip başlasamkam ? Bilýän , bir urugyp bildigim , yzynyň joş alyp gitjegini . Ýöne urugmak kyn. Bolýar başdan başlaýyn, ýagny çagalyk ýyllarymdan.
Asla hakydamdan çykmajak , hakyky öz durmuşymda bolup geçen wakalar diýseň köp . Olaryň ilkinjisi şu. Ýagny "Adamsypat gurçuk ýaly jandarlar".

Men gündeligi okadygymça okasym gelýärdi. Onuň içindäki wakalar, özem hakyky durmuşda bolan täsin wakalar gitdigiçe özüne çekýärdi. Onýançada hool  kanalyň gaýrasyndaky , zeýiň boýunda bir topar oglanlaryň:

-Gerçek gelooow-diýen seslerini eşidip, gündeligi gapdalyragymda duran ýylgynyň arasynda gizledim.

-Gerçek  geldä-how

Ol oglanlar henizem sesleriniň ýetdiginden gygyryşýardylar. Olaryň biri goňşymyz Bäşim aganyň ogly Aşyrdy, galanlaram obadaşlarym bolmaly. Soňra dowarlaryny sürüp obadaşlarymyň ýanyna bardym. Baranyma kän wagt bolmanam ýagyş ýagyp başlady .Şol wagt Aşyr:

-Gerçek sen geldiň welin ýagşam geläýdi -diýip degişdi. Beýlekiler hem:

-Ýagyş bilen bile geldi öýdýän-diýip gülüşdiler. Soňra Aşyr:
-Gerçek biz-ä gaýtjak ,ýör senem gaýtsaň -diýip ýüzüni dowarlarna tarap öwürdi. Men  bolsa :

-Ýok dost sen gaýdyber ,men ýaňja geldim. Indi gelenime görä biraz mallarymy otladaýyn-diýip bahanalar agtardym. Aşyr goýunlaryny oba tarap kowup barşyna :

-Bolýar-da onda sag bol -diýip hoşlaşdy. Menem:

-Bolýar dost sag bol -diýip yzlaryndan garap durdym. . Soňra Aşyr we  çopandaşlary mallaryny ilerligine sürüp oba golaýlaşdylar. Ýagyş uzak ýagmady. Olar heniz oba ýetmänkä ýagyş diňdi. Emma olar şonda-da obanyň  içine siňip gitdiler. Olar gaýdan soň gündeligi gizlän ýylgynymyň ýanyna bardym. Gündeligiň daşyny süpürşdirdim. Gündelik ýagşyň aşagynda durup azajyk zaýalanypdyr. Käbir sahypalary ýyrtylypdyr .Gündelik golýazma bolanlygy üçin awtoryň hatyna gowy düşünip bolmaýardy. Şonda-da oglanjyk ony okajak bolýardym.

-Adamsypat , gurçuk ýaly jandarlar.

Çagalykda örän elhenç , gorkunç zatlary görüpdim. Ýagny ýaňy aýak üstüne galyp, ýörjen-ýörjen bolýan  wagtlarymda ,  elime ary balyndan boşan kiçijek bedre şekilli gapjagazy  alyp , öýümden uzaklaşyp gidipdirin. Şol gün öýümden uzaklaşyp gidişime düýşümmi ýa-da huşum anyk bilemok ,emma meni palçykly turbalaryň üstünde , arkanlygyna gidip barýardym. Özüm ýörämok, meni näbelli bir güýç arkanlygyna göterip alyp barýardy,ýöne  ony görmeýärdim. Şol palçykly ot ýaly gyzgyn çukurlaryň içinde adam boýuna barabar uzyn gurçuk şekilli jandarlar ellerini ýokaryk uzadyşyp , meni özlerine çekip aljak bolýardylar.Olaryň elleri arkama degäýjek-degäýjek bolup geçýärdi.Ýüzleri ýalyndan ýaňa mürşip diňe gyzyl et bolup durdy. Saçlary bireýýäm oda köýüp,elleri diňe süňk bolup galypdy.  Olar şeýle bir köpçülikdi özlerem çukuryň içinde durdylar.Ol çukurlaryň içi ýanyp duran gyzgyn palçykdan dolup durdy. Bedeni edil gurçugyňky ýaly inçeden uzalyp , aýaklaryny lawalaryň içinden çykaryp bilmeýärdiler.Men şeýle bir gorkýardym, sesimiň ýetdiginden möňňürüp aglaýardym. Soňra meni ýassyk ýaly ýymşajyk , ýygyrt-ýygyrt bolan eller ýokary göterdi. Bu eller ýaşy ýetmişden geçen , saçlary gar kimin agaryp , dökülip barýan garryja enäniň elleridi. Aslynda şol wagt men obamyzyň ilersindäki çaga öwülýäsiniň içinde ekenim. Şol garryja ene hem şu Isbirden öwlýäsine zyýarat edip ýören eken. Ol meni mähir bilen gujaklanynda ýaňky adamsypat gurjuga meňzeş jandarlar birden gözümden gaýyp boldylar. Hawa, Syrdaşym meni hut şol aýal tapypdyr. Menin üçin hakyt Perişde sypatly ýagşyzada aýal bolup gözöñüme gelýär. Hakykatda welin men onuñ keşbini gürrüñ bermedik bolsalar. Ol mydamalyk Ýagşyzada nurana keşpli owadan zenanyñ keşbinde galardy. Men oña henizlerem ruhuna aýat okap, Alladan razy bolmaklyk üçin bilýän dogalarymy okaýan. Ýatan ýeri ýagty , jaýy jennet bolsun ".

Baş gahrymanymyz gündeligi dünýäni unudyp okaýardy. Ondaky wakalar gitdigiçe özüne çekýärdi. Aşakgy abzasa ýetende ol töweregine garanjaklady . Seretse dowarlary ýok.

-Beh bular şulkaralykda nirä gitdikä ?- diýip goýunlarynyň gözlegine çykdy. Soňra beledräk depä çykdy , hiç hili mal görnenok. Onuň aňyrsyndaky depelere çykyp gözledi ýöne asla geçileri görünmeýärdi. Men depeden-depä aşyp mallaryny tä Gün ýaşyp , garaňky gatlyşýança gözledim , emma tapmadym . Indi men hasam aladalanyp başladym . Mal ýitirmek örän elhenç duýgy. Meniň şeýle bir gaharym gelýärdi, öz-özüne igenýärdim. Gözledigiçe aladalar basmarlaýardy . "Indi öýdäkilere näme diýmeli? Kakama näme jogap bermeli? Edil on minudam bolanoklaý , eýýäm nirä sumat boldylarka?" Ahyrsoňy men şular ýaly içgysgynç gaýgylar bilen öýüne gaýtmana mejbur boldym . Öýe ýetip-ýetmänkä öňümden kakam çykdy. Indi hasam howatyrlanyp başladym. "Indi kakama näme diýsemkäm, ol "Oglum hany goýunlaryň " diýip sorasa oňa näme jogap bersemkäm? Ýa ony aldaýsammykam. Aý ýokla näme diýip aldajak , gowsy dogrymy aýdaýyn" Men şular ýaly bulaşyk pikirler bilen kakamyň ýanyna baryp:

-Kaka men-ä mallarymy ýitirdim -diýjek bolup durkam , kakam :

-Näme-how oglum, goýunlaryň geldi-de özüň geleňokla-diýip ýylgyrdy. Men begenjime guşlar kimin ganat ýaýyp, uçup agylyň öňüne bardym. Görsem janawerleriň hemmesi ýatagynda gäwüşäp, ýüzüme seredişip durlar.

(Dowamy bar)

Gerçeknazar Amannazarow
24
211
gerceknazar
7 Mart 2024
@sofii, minnetdar , goşgylarymyň beýle okyjysynyň bardygyny bilmeýärdim. Hormatyňyza sag boluň .
sofii
7 Mart 2024
@gerceknazar, düşnükli. Goşgularyñyz oňat, üstünlik🌟
gerceknazar
7 Mart 2024
Howwa hemme saýtlarada Gerçeknazar agza bolup girýän. Ýöne islenen agyr işleýär kän girip bilemok .
sofii
7 Mart 2024
@gerceknazar, siz islenendäki Gerçeknazarmy?
gerceknazar
7 Mart 2024
@awgust, Hoş gördük , Sizede işiňizde we durmuşyňyzda üstünlik arzuw edýän
awgust
7 Mart 2024
@gerceknazar, Hoş geldiňiz! Üstünlik hemraňyz bolsun!
gerceknazar
7 Mart 2024
@0878, sag boluň ,henizä diňe öz durmuşym hakda ýazýan . Ýuwaşjadan başgalaryň durmuşynada geçerisdä. Esasy okap bolmaýan ýerlerini aýtsaňyz hasam begenerin.
gerceknazar
7 Mart 2024
@0878, dogry başardygymdan ýazyjy-şahyr boljak bolýan
gùl🦋__
7 Mart 2024
Gerçeknazar Amannazarow 😃
gerceknazar
7 Mart 2024
@0878, hakyky durmuşda bolup geçen täsin wakalary ýazmagy halaýan.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.