flowers_
07.03.2024 13:02
Ejem bilen surata düşmelidim…


Dünýä gaty geň ýaradylan ondaky bolup geçýän wakalar gaty başagaý. Hemişeki endigim boýunça dik duran ýerimde ertirligimi iýip durdym. Ejem mydama bolşy ýaly şol gezegem özelendi:

-Otursana oglum, biraz oturyp iý!

-Ýok eje. boldum men gideýin – diýip,  gitmäge hyýallandym. Ejem bolsa:

-Howlukma oglum – diýdi-de adatdakylardan has üýtgeşik nazar bilen meni synlady. Soňam:

-Gürrüňim bar – diýdi.

Men howukmaçlygymy bildirmek üçin goşarymdaky sagadyma seretdim. Soňam:

-Ýolda maşynyma benzin guýdurmaly, soň işe barmaly, ondan soň çaphanada geçmeli. Näme boldy?

Ejem entägem ýüzüme naýynjar nazar bilen seredip durdy. Birdenem:

-Surata düşeli – diýdi.

Men ejemiň duýdansyz diýen sözüne geňirgendim:

-Näme üçin?

-Ýakynda men bu dünýede bolmaryn!

Ejem bu sözleri edil ,,Goňşylara gidip geleýin” diýen ýaly äheňde aýtdy welin, bir hili gülkim tutdy. Men pyňkyranymam duýman galdym.

-Beý diýmesene eje – diýip, öz başagaýlygym bilen gapa ýöneldim. Ony diňlejegem bolmadym.

Aradan iki hepde geçdi…… Gijeler öz janyma aram tapman oýanýan, pikirlenýän, uzak pikirlenýän, soňam hyýalymda “sen namart, sen akmak, näme üçin şonda ejeňi diňlemän güldiň? Surata düşmäne wagtyň ýokdymy? Gerek bolsa tapardyňa! Kitap üçin, žurnal üçin, iş üstünde, bagda, köçede… sen näme kinoýyldyzymydyň?  Dünýä meşhur şahsyýetmidiň? Han-ha bir  desse suratyň ýatyr, her hili, her ýerde….. Ýöne, diňeje ejeň bilen  düşen suratyň ýok!”……






Özbek ýazyjysy: Otkir Hoşimow

,,Dünýäniň işleri” kitabyndan bölek.

Özbek dilinden terjime eden: Gunça ORAZOWA.
38
142
awgust
7 Mart 2024
@flowers_,Dogrusy, çagakam enem-atam başagay bolup meni surata düşürmekligi unudyşlary yaly menem başagaý bolup olar bn surata düşmegi unudyan:)
flowers_
7 Mart 2024
bahana bilenem*
flowers_
7 Mart 2024
@awgust, ýüreklerde müdümilik ýaşadýas-da, ýöne oturyp pikirlenýan welin doglan gun zat diýibem baha bilen düşülenok surata, başagaý bolan bolup ýörüs.
awgust
7 Mart 2024
Öňem okapdym(gynançly)...Surata düşmekden öň etmeli zadymyz, ony razy edip mähirli, gyzgynjak gujagyna dolup,ysyndan ganyp bir salym haýaly çagalyk ýyllaryňa dolanmaly.5 barmak suratda däl,ejeler yurekde yaşamaly
gulia_maksatmyradowna
7 Mart 2024
🥺
flowers_
7 Mart 2024
@bitanem, jaýy Jennetden bolsun,imanly bolsun, gynandym😔
bitanem
7 Mart 2024
Diýdi ine şeýdibem men ony ýitirdim 12mart 1nji ýylyny edýàs jaýyñ jennet bolsun ejemjan ejeñi kakañy sòý gadyryny bil
bitanem
7 Mart 2024
Ejemjan ejeleriñiziñ gadyryny biliñ bir gùn geler ol siziñ dùnýànizden gider wilin duýman galarsyñyz mende boldy şeýle òñ ýandaky gùn ýanynda uzakly gùn oturyp gaýtdym ertesi oduýdansyz habary aldym jany sagdy ýòne gaýdamda menden razy bolaweriñ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.