lavinya_
07.03.2024 12:11
Bu dünýä inmänkäm giderdim her gün,
Ruhum bilen ykbalymy almaga.
Her baramda taýyn bolup durandyr,
Küle çökmäge ýa göge galmaga.

Ýöne şolaň hiç birinem başarman,
Aralykda durdy bolup serimsal,
Dogrusy gynandym hatda şoňkudan,
Küle çökenleňem ýagdaýy elhal.

Sebäp olar çöküpdirler ymykly,
Ganat kakanlaram gökde galgaýar.
A ol bolsa kelemenläp bir özi,
Aralykda däli ýaly aglaýar.

Ahyry hemmesin ýygnap bir ýere,
Arasyndan elin saýlaýyn diýdim.
Ýekän-ýekän seredýärin, birdenem,
Serimsal ykbala kaklyşdy didäm.

Ejizje göwresin titredip durdy,
Näumyt gözlerin gyrpyldadyplar.
Men hiç tagamyny bilip bilmedim,
Ajy-süýji ykballary dadyplar.

Çynym, ýene gözlem şonda eglendi,
Ruhumam: «Şol ykbaly al» diýdi.
Hemem meni ykballaryň içinde,
Üýtgeşik däldigi haýran galdyrdy.

Ol bir ýönekeýje göze ilmeýän,
Ykrar edilmedik ygrarly ykbal,
Hemem meniň saýlap bilmän kösenen,
Ykbalym meň bilen ykbaldaş ykbal.

Ine, indem ençe ýyldyr bileje,
Külterleýäs bu dünýäniň ýollaryn.
Göterip, iterip, süýräp ýörsem-de,
Ykbalymdan nägile däl, illerim!


Awtor: Laçyn Pürjäýewa
30
27
gulia_maksatmyradowna
7 Mart 2024
Büyüğüm 🙋‍♀️ iyimisin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.