flowers_
07.03.2024 06:11

Diňe zenanlar hakynda.





▪︎Ýer ýüzündäki ilatyň 55 göterimi zenanlardygyny bilýärdiňizmi?

▪︎Anna ady dünýä halklarynyň arasynda iň ýörgünli, köp dakylýan zenan atlarynyň biridir.

▪︎Zenanlar, köplenç, birnäçe maglumatyň giden bir akymyny kabul edip bilýärler, erkekler bolsa birnäçe işi ýüzugra etmeli bolanlarynda gaharlanýarlar.

▪︎Erkek kişiler takyk ylymlary, zenanlar gumanitar ylymlary aňsat özleşdirýärler.

▪︎Zenanlaryň beýnisi erkek kişileriňkä garanyňda 10 göterim kiçidir, ýöne bu ýagdaý olaryň intellektine hiç-hili ýagdaýda täsir etmeýär.

▪︎Zenanlaryň beýnisi işlände, glýukozany köp sarp edýänligi sebäpli, ol has güýçli gyzýar.

▪︎Zenanlarda guramaçylyk ukyplary has güýçli ösendir.

▪︎Erkek kişileriň eşidiş ukyby zenanlara garanyňda belli bir derejede pesdir. Şonuň üçin hem zenanlar has inçe äheňleri hem eşidip bilýärler.

▪︎Zenanlar özleriniň tebigaty boýunça has alçakdyrlar we daş-töweregindäki adamlar bilen has çalt umumy dil tapmagy başarýarlar.

▪︎Zenanlara garanyňda, erkek kişileriň arasynda çepbekeýler üç esse köpdür.

▪︎Zenanlaryň ýüregine garanyňda erkek kişileriň ýüregi bir minutda on urgyny az urýandyr.

▪︎Erkek kişiler zenanlara garanyňda egin–eşiklerine o diýen bir uly üns bermeýärler. Olar toý-tomaşada başga biriniň «edil meniňki ýaly egin-eşik geýnenleri bar eken» diýip keýplerini gaçyryp durmaýarlar.

▪︎Erkek kişilere garanyňda, zenanlar aşa syzgyr, duýgur bolýarlar.



Şasenem DURDYMYRADOWA.
31
133
flowers_
7 Mart 2024
@Perman__, belli zady ýokdur, biziñä ursagam kör düýamiz köprüden geçendir)
flowers_
7 Mart 2024
@Perman__, ýazylany bir pozaýma urup))
flowers_
7 Mart 2024
@Perman__, haý petigara))
flowers_
7 Mart 2024
flowers_
7 Mart 2024
@geldiyevna, köplük bolsak gowy bolmazmy😁
flowers_
7 Mart 2024
@Akram_Beshimov, şu gün goyulan makala özä, Şasenem D. soraýmasak)
Akram_Beshimov
7 Mart 2024
55 däl, 49,5/50,5
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.