flowers_
06.03.2024 23:29

Gelinler.




Eý näzenin gelinler,
Gaş çytmaň siz igenip.
Ýoldaşyňyz egerde, Işden gelse gijigip.
Olar gelýändir hökman,
Çaý syrap hem ajygyp.
Goý olar çaý içsinler,
Goşa ýassyk ýaplanyp.
Diňläň men bu sözleri,
Ýöne ýerden diýemok.
Sebäbi oz gelnimem,
Iňirdisin goýanok.
Gijä galan günlerim,
Asla ýüzem berenok.
Gabanjynyň derdinden,
Ýadaw halym duýanok.
Irräjik gelen günüm,
Ýa aýlyk alan günüm.
Şeýle bir şirin sözli,
Göýä barda bilbiliň.
Şeýle bolup duranok,
Ýöne elmydam günüň.
Tikeni hem bar eken,
Anwar ysly bägüliň.
Bir gowy dostum bar,
Meň ýanymda zeýrendi.
Diýdi indi maňada,
Öýlenmäge çen boldy.
Diýdi sallahlyk maňa,
Bolýar örän kyn indi.
Ýylgyranym gördide,
Dostum maňa geň galdy.
Diýdim hökman suratda,
Ýar gekdir ýigide.
Ýekelik bir kyn zatdyr,
Men düşünýän saňada.
Öýlen diýdim emma dost,
Biliň guşagyn berkje.
Çydamaly bolarsyň,
Kä mahallar igenje.
Gaty görmäň gelinler,
Bu bir durmuş ýodasy.
A belkide şeýledir,
Bu ýollaryň kadasy.
Bagyşlaň siz bolaýsa,
Sözlerimiň hatasy.
Ýigitleri ynjytmaň,
Eý gözleriň didesi.
Isle ýaş ýigit bolsun,
Islede bolsun ussa.
Isle uzyn boý bolsun,
Islede bolsun gysga.
Ynjytmaň oglanlary,
Kemsitmäňem siz asla.
Meňzäp duruň elmydam,
Ýylgyryp bahar pasla.
Sygyşmaz gahar bilen,
Söýgi asla bir ýerde.
Gahar däl söýgi mahsus,
Ahli gelin gyzlara.
Bizde kine saklamaň,
Munda ýönekeý ýere.
Ýalan bolsa sözleri,
Käýýäň Begenç şahyra.




Begenç Orazow.
34
176
sazsoft
7 Mart 2024
sazsoft
7 Mart 2024
@Islam_Atayew, Garaz, üýtgemeýär dälmi, boldy-da 😁
flowers_
7 Mart 2024
@Islam_Atayew, mümkin 😄
flowers_
7 Mart 2024
@Islam_Atayew, añsada bolmady😂
flowers_
7 Mart 2024
@Islam_Atayew, öñde biriniň diýişi ýaly "sylaýada"😁
flowers_
7 Mart 2024
@sazsoft, ýadamak gowy däl özä :(
sazsoft
7 Mart 2024
@Islam_Atayew, 180° diý, 360° bolsa ýene öňki ýerine gelýär, üýtgemeýär hiç zat 😁
sazsoft
7 Mart 2024
@sazsoft, *ýadadýan eken
sazsoft
7 Mart 2024
@flowers_, Bellisi ýok, bilip bolmaz öňünden 🙂 Umyt gowy zat ýöne :) Emma olam ýanaşýan eken ahyry bir gün :)
flowers_
7 Mart 2024
@sazsoft, bolýa, "heniz" bar bolsañyz ýene bolarsyñyz diýip umytda bolaýjak bizä)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.