flowers_
06.03.2024 19:28

Gülki — ýaşaýşyň nury.



Ýüzi gülüp duran, hoş sözli adam sözleşen adamlaryna hem ýakymly täsirini ýetirýär, onuň bilen gülşesiň, degşesiň gelýär. Az salymlyk bolsa-da, agyry-ynjyny, öýke-kinäni ýatdan çykarýarsyň, ýüküň ýeňlän ýaly bolýar. Ylym şähdaçyk, ýürekden gülýän adamlaryň durmuşda gabat gelýän köp kynçylyklary ýeňillik bilen çözýändigini belleýär. Onuň tersine gahar-gazap, gaýgy-gam ýokarda aýdanlarymyza garşylykly täsir edýär.

«Gülki terapiýasy» diýip atlandyrylan sagaldyş usulyny alymlar geçen asyrda, ýagny 1960-njy ýyllarda öwrenip başladylar. Şol wagt adatdan daşary bir wakanyň bolmagy alymlara özleriniň pikirleriniň, ugurlarynyň dogrudygyny tassyklamaga mümkinçilik berdi. Ýaş amerikaly lukman Normani Kazins ölüm bilen ýaşaýşyň serhedinde durdy, ýagny bejerip bolmaýan, ölüm howply kollagenoz keseliniň pidasy bolmalydy. Ol garaşylmadyk ýerden özüne berilýän lukmançylyk kömeginden ýüz dönderdi we özi hiç bir hereket edip bilmese hem, öýüne eltilmegini, ýatjak otagynda ulaldylan şekilleri görkezýän abzal goýulmagyny garyndaşlaryndan haýyş etdi. Ol gije-gündiz diýmän, diňe gülküli kinolary görmäge we uly möçberde C witaminini kabul etmäge başlady. Birdenem görlüp-eşidilmedik täsin waka boldy: Normani sagalmaga başlady. Bir aýdan ol barmaklaryny gymyldatdy, ýene bir ýyldan bolsa aýak üstüne galdy.





Rejepguly MAŞADOW.

32
75
flowers_
7 Mart 2024
@lavinya_, surprise ederin)
lavinya_
7 Mart 2024
@flowers_, yhm yhymm (aa ýarmezan aytsam nm berjek ýada intak öňünden aýtamaň garraşaýyn😁)
flowers_
7 Mart 2024
@lavinya_, oyun edyan 0.33333...menden saña halal bolsun, 8nji martyña sowgat diýip hasaplaý😂
lavinya_
7 Mart 2024
@flowers_, Tobo estağfurullah helal ediň gyz onsuzam ýetikdir (agsamam düýşümde ölümdirin gidibermäýin😁)
flowers_
7 Mart 2024
@lavinya_, beýlede hasaplaşarys😁( toba)
lavinya_
7 Mart 2024
@flowers_, Adam başyna 0.33333.... teňňeden düşýä pöýleşâýeris bolmasada😁
lavinya_
7 Mart 2024
@flowers_, 😳😳çynyyyym:))
flowers_
7 Mart 2024
@lavinya_, ynanjak bolul göreýin hany😁
lavinya_
7 Mart 2024
🙋🏻‍♀️,gapakdan 1 manat çykandyr bermän gaçyp gitdi diýýäýmäň😅
flowers_
6 Mart 2024
@tmyigit76, düşnükli)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.