tm_girl
06.03.2024 16:14
SAZ GURALLAR BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR.

  Dünýädäki iň gadymy saz guraly arheologlar tarapyndan tapylan turba şekilli tüýdük bolup, onuň ýaşy 40 müň ýyla barabardyr. Bu tapyndy gadymy adamalaryň hem aýdym-saz bilen gyzyklanandyklaryny hem-de ýerine ýetirmegi-de başarandyklaryny görkezýär.

  Dünýäniň iň agyr saz guraly köpleriň pikir edişi ýaly organ saz guraly däl-de, karilondyr. Karilon saz guraly belli bir tertipde düzülen dürli ululykdaky 23 sany jaňdan ybaratdyr. Iň agyr karilon New-Ýorkda ýerleşýär we onuň agramy 91 tonna deňdir.

 Öwrenmeklik iň kyn bolan saz guraly 1920-nji ýylda L.Termen tarapyndan oýlanyp tapylan termenwoks saz guraly hasaplanylýar.

  Iň giň ýaýran saz guraly gitaradyr. Arheologiki tapyndylar we ýyl ýazgylary ilkinji gitaralaryň takmynan 4 müň ýyl ozal peýda bolandygyny görkezýär. XX asyrda ilkinji elektrik gitaranyň oýlanyp tapylmagy bilen gitaranyň meşhurlygy has-da artdy.

  Uly göwrümli saz gurallarynyň biri-de organ saz guraly bolup, iň ulusy ABŞ-nyň Atlanta şäheriniň “Borduok” konsert zalynda ýerleşýär. Jemi 33112 turbadan ybarat bolan bu organ iň uly howa basyşyna eýe bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna “dünýädäki iň güýçli saz guraly” hökmünde girizildi.

 Iň ýönekeý saz gurallarynyň biri Aziýada birnäçe müň ýyl ozal peýda bolan ýönekeý çarçuwaly arfa saz guralydyr.

  Depregiň sesi gündiz takmynan 8 km, gijesine bolsa 11 km aralykdan eşidilýär. Gadymy döwürlerden bäri bu gural möhüm maglumatlary, ýagny duşman hüjümlerini uzak aralykdan öňünden duýmaga ýardam beripdir.

  Meşhur saksofonçy Ç.Parker ýiti aýdym-saz zehini bolan sazandaçy bolupdyr. Onuň bu meşhurlygy hatda ABŞ-nyň iň garyp maşgalalarynyň hem öz çagalary üçin saksofon satyn almaklyga ýykgyn etmeklerine sebäp bolupdyr. Çünki olar bu guralyň öz çagalaryna durmuşda üstünlige ýol açjakdygyna ynanypdyrlar.

  Dünýädäki iň gymmat tüýdük 1939-njy ýylda sap platinadan ýasalan tüýdükdir.

  XVI asyrda gitara ýaý bilen çalynýardy.

 Ybadathana jaňlarynyň owadan sesini aňladýan “malina jaňy” öz gözbaşyny Belgiýanyň Malina şäherinden alýar. Çünki XVII asyrda bu şäher jaň ýasalýan merkez bolupdyr.
32
62
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.