flowers_
06.03.2024 13:07
Çagalar hakda aýdylanlardan.



Ata çagasyny ýaşlykdan bibaş edip ýetişdirse, ýazyk çaga-da däl atadadyr.
#Ýusup Balasagunly
***

Çaga ýaly bolmak – şübhesiz kämillikdir. Beýik kişiniň çaga ýaly bolmasy kiçilik däldir.
#Jelaleddin Rumy
***

Saglyk ýaly dost, hassalyk ýaly duşman, çagaň söýgüsi ýaly söýgi ýokdur.
#Hindi nakyly
***

Eger ulular terbiýeli bolsalar, çagalaryň özleri hem terbiýelenerler.
#Luiza Heý
***

Çaga terbiýelemegi başarmak durmuşy giňden bilmegi talap edýän beýik işdir.
#M.Gorkiý
***

Eger çaga ýaşaýan öýüniň oňa-da degişlidigini duýmasa, ol köçäni öý ediner.
#Nadin de Rotşild
***

Çagany söýmän adamzady söýüp bolmazdy.
#F.Dostaýewskiý
***

Çagalar hiç zat etmeseler-de, bir zada güýmenýändirler.
#Mark Tulliý Siseron
***

Çagalar bilen mylaýym gürleşiň, sebäbi käýemek olary doňýürek eder.
#Şarl Lui Monteskeýe
***

Haçan-da çagany gorkuzsalar, ursalar, onda ol özüni kiçilikden ýeke duýup başlaýar.
#Dmitriý Pisarew
***

Her bir çaganyň özboluşly dünýägaraýşy, pikirlenişi bar. Olaryň dünýägaraýyşlaryny özüňkä görä üýtgetmeklik akmaklykdyr.
#Žan Žak Russo
***

Çagalar ululara ynanyp, olaryň göreldesine eýerip ýaşaýarlar.
#Lýudwig Witgenşteýn
***

Çagany terbiýeleýärkäň, gowusy ony duýdurmazlykdyr.
#Oskar Uaýld
***

Çagalar biziň garrylygymyzydyr. Dogry terbiýe – bu biziň bagtly garrylygymyz, erbet terbiýe bu biziň geljekki gaýgymyz, gözýaşymyz we beýleki adamlaryň öňündäki günämizdir.
#A.S.Makarenko



Taýýarlan: Nargül NURYÝEWA.
35
70
efsane_tm
6 Mart 2024
"Çagalar ene-atasynyñ kölegesi ýaly. Olar näme etse çaga hem gaýtalamaga synanşar" buda meñ sözüm :) durmuş ýolymdan ylgap geçen çagalygym, häli düýn ýalydy agaç köpriden gecibilman aglap otyranym, dädem gelip goterip geciripdi :)
flowers_
6 Mart 2024
@Akram_Beshimov, 🤦‍♀️😁
Akram_Beshimov
6 Mart 2024
Ulynyñ uýalasy gelse çaga deginer". Köneler sözi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.