sabyrly
06.03.2024 13:05
Gämi heläkçiliginden halas bolan ýeke-täk adamy tolkun kiçijik bir ýaşalmaýan ada zyňypdyr. Ol howsala düşüp, özüni halas etmegi Biribardan diläpdir. Her gün kömek etmä-ge golaýlap gelýän zadyň gözleginde gözýetime gözüni dikipdir. Surnukmakdan ýaňa ahyry tebigy hadysalardan goranmak hem-de barja emlägini saklamak üçin özüne ýüzüp ýören pürlerden kiçiräk çatma gurupdyr. Bir gün iýmit gözleginden dolanyp gelse kepbesiniň ot-ýalnyň içindedigini görüpdir, tütün bolsa, al-asmana göterilipdir. Iň esasy zat bolsa, barja-ýokja zady hem ýanyp, küle öwrülipdir. Ol gaýgy-gama batyp, gahar-gazaba münüpdir.
— Eý, Hudaý, sen meni nä güne saldyň? — diýip, gygyryp aglapdyr.
Ertesi gün irden ony kenara golaýlap gelýän gäminiň sesi oýarypdyr. Gämi ony halas etmäge gelipdir.
— Meniň bärdedigimi siz nädip bildiňiz? — diýip, ýadaw adam öz halasgärlerinden sorapdyr. Olar bolsa:
— Biz seniň tüsse bilen eden yşaratyňy gördük — diýip jogap beripdirler.
28
51
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.