Adamlaryň nesli gutarsa Ýer nähili bolardy?Ähli adamlar birden ýitirim bolsa, dünýäniň nähili boljagy hakda pikir edip gördüňizmi?
Ynsanlar dünýä ekosistemasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Beýle ýagdaý dünýä täsirini nähili ýetirer?
Adamlar Ýeriň ýüzünden ýitip giden bolsalar we bolup geçenleri görmek üçin bir ýyldan soň Ýere gaýdyp gelseňiz, ilki bilen görjek zadyňyz däl-de, eşitmedik zadyňyz bolar.
Dünýä şeýle bir ümsüm bolardy welin, adamlaryň näçeräk ses çykarýandyklaryny derrew duýarsyňyz.
Adamsyz bir ýyl geçenden soň, asman reňki has-da gök we howa arassa bolardy
Şemal we ýagyş Ýeriň ýüzüni arassalardy. Adamlar tarapyndan döredilen tüsse we tozan ýok bolardy.
Bir ýyldan soň jaýa gireniňde, suw tapmardyňyz. (Şäher ýerlerde)
Suw ulgamlary yzygiderli nasos talap edýär we halkyň suw üpjünçiligini üpjün edýän iş maşynlaryny dolandyrjak adam ýoklugy sebäpli suw bolmazdy.
Şeýle-de bolsa, hemmeler ýitirim bolanda, turbalardaky suw henizem şol ýerde bolar we ilkinji sowuk howada turbalardaky suw doňup, turbalary ýaryp biler.
Elektrik stansiýalary işlemegini bes ederdi, sebäbi hiç kim olara gözegçilik edip bilmez we ýangyç üpjünçiligini dowam etdirilmezdi.
Aslynda howada elmydama tozan bolýar, ýöne muny duýmaýarys, sebäbi kondisioner ulgamlarymyz we gyzdyryjylar howa çykar- ýany üçin muny bilmeýäris. Mundan başga-da, jaýyňyzyň otaglaryndan hereket edeni- mizde, tozany hem hereket etdirýärsiňiz. Emma bularyň hemmesi togtadylandan soň, öýüňizdäki howa durgun bolup, aşak çöküp, hemme ýerde tozan dörärdi.
Bagyňyzdaky otlar uzyn we ösgün bolýança öserdi, täze haşal otlar peýda bolup, hemme ýere ýaýrady.
Öň görmedik ösümlikleriňiz bagyňyzda köpelerdi. Her agaç tohum goýanda ownuk nahal ösüp bilerdi. Hiç kim ony çekip çykarmazdy ýa-da kesmezdi.
Mör-möjeklerden dynmak üçin dürli usullary synap görýän adamlar bolmansoň, köp sanly mör-möjek peýda boldy.
Haýwanlar ähli ýerlere aýlanyp başlardylar.
Ilki kiçijik jandarlar: syçanlar, körsyçanlar ýenotlar, belkalar, tilkiler, soňra has uly haýwanlar şäherlerde aýlanyp başladylar.
Elektrik çyralary bolmasa tebigy dünýäniň ritmi gaýdyp gelerdi. Ýeke-täk ýagtylyk Gün, Aý we ýyldyzlardan geldi.
Ýygy-ýygydan ýangynlar dörärdi.
Agaja ýa-da meýdana ýyldyrym urup gyrymsy agaçlary ýakyp ýa-da jaýlara we binalara tutaşyp biler.
Ýangyny öçürmäne adamlar bolmasa bu ýangynlar öz-özünden sönýänçä dowam ederdi.
Bir ýyldan soň beton ýollar, awtoulag ýollary, köprüler we binalar birmeňzeş görüner.
Ýöne ýeriň hereketi bes edilmänsoň, gaýdyp gelenimizde ýollarda jaýryklar peýda bolardy we jaýryklardan ösýän ösümlikleri görerdik.
Adamlaryň dünýäniň derýalarynda we akymlarynda guran bentleri suw bilen aşylyp, wagtyň geçmegi bilen ýitip giderdi.
Tohumlardan peýda bolýan we her gün iýýän gök önümlerimiz, ýok bolardy.
Hojalyk mallar aýylar, tilkiler, möjekler we barslar üçin aňsat olja bolardy, we netijede soňlugy bilen ýok boldy.
Pişikler ýabanylaşyp biler, ýöne köpüsi iri haýwanlar tarapyndan awlanardy.
Itleriň nesli gutarardy.
Netijede, adamyň ýok bolmagy dünýäde gaty täsirli we çylşyrymly täsirleri döreder.
Bu tebigat dünýäsinde düýpli üýtgeşmelere sebäp bolup biler, netijede käbir görnüşler artykmaçlyga eýe bolup, beýleki görnüşler ýok bolup biler. Ýerimiz üçin bolsa peýdaly ekologik täsirleri bolardy.çeşme: www.ntv.com