sabyrly
05.03.2024 16:54
Aýtsana sen meni söýmediñ niçün,
Şu sorag gurçukdeý gemirdi içim,
Seniñ gülen gözleñ görmeklik üçin,
Gözýaşlar dökýänim sen bir bilsediñ.

Ýüregime kesgir pyçak dürtülip,
Awusyndan gezip ýörün dümtünip,
Ýalñyz özüm müñ dert bilen örtenip,
Ahy zar çekýänim sen bir bilsediñ.

Her gün jemalyñy her ýerden ýoklap,
Ýatladym özümi bilmedim saklap,
Bir günä söýgümi biler diýp çaklap,
Ýoluña bakýanym sen bir bilsediñ.

Ýalñyzlykda suratyña ýüzlenip,
Adyñ şygar boldy dilde sözlenip,
Ogry ýaly özgelerden gizlenip,
Derdimi bukýanym sen bir bilsediñ.

Dünýäm gözelleşdi saña duşamda,
Perwana deý pyrlanýaryn daşyñda,
Gündizler huşumda gije düýşümde,
Otlarda ýakýanyñ sen bir bilsediñ.

Şatlygy kän gaýgysy kän pelegim,
Belki Allam kabul eder dilegim,
Sap söýgimi seniñ üçin melegim,
Kalbymda saklanym sen bir bilsediñ.

© Süleyman TEKÄÝEW
27
51
sabyrly
12 Mart 2024
@kyas, sps pikirlerñiz üçin ortadan alnan kapýa üýtgäp gitjek bolýa onda islendik goşgymyñ soñky nokady goýulmadyk täzeden işläp ýerne düşürerin sps
kyas
11 Mart 2024
Ýa-da derdim müýnli, özgelerden gizlenip, ýadyrgap ýörşüni sen bir bilsediñ
kyas
11 Mart 2024
Ogry ýalydynda bir meñzetme getiripsiñ bärden gaýdypdyr. Başgaçarak etjek bolup göreli. Derdim bolşy ogry ýaly gizlenip, Özgelerden bukulşyn sen bir bilsediñ"
sabyrly
11 Mart 2024
@kyas, Haha oda bolmagy mümkin endikdä täze ýola girjek bolsañ ýene añsadyrak tarapa alyp gaçyberýä
kyas
11 Mart 2024
@sabyrly, seniñ bolşun eşek kesir bolsa dört tarapyndan bar ahyr boýnadaryn diýeni bolýar. Sen eýýäm bu barylyş hereketi endige öwrüp barýañ, sen indi boýnadylan eşegi öz isleýşiñçe baryp münüp bilýärkäñ keýpine daşyndan aýlanýañ
sabyrly
11 Mart 2024
@kyas, sps aýdyp dur şonuñ ýaly ýerleri bar sebäbi bir zat aýtjak bolup daşyndan aýlanyberdä men setir san şondan köpelýän bolmagy mümkin
manolya
11 Mart 2024
Gowy goşgy bolupdyr ,manyly )
kyas
11 Mart 2024
Süleýman Goşgyny uzaltma. Uzaltdygyñça bendin sanyna kowalaşýan ýaly bolup dur. Duýgyñy siñdirmänsiñ. Menem 2007-2009 da şu tüýsde ýazan goşgularym az däl. Emma bir bendi şol başgaça gaýtalan ýaly eşdilip dur. Dört bendi birine sygdyrsan ine hakyky ussatlygyñ bolýar. Ýüregiñe kesgir pyçak dürtülmesinde hiç hili duýgy görünenok. Ýöne ýiti pyçak sünjülip diýseñem şahyranalyk bezegi bordy.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.