flowers_
05.03.2024 15:52

Sowadyjylar hakynda sanlar we maglumatlar.



Ösen tehnologiýalar zamanynda elektrik togy bilen işleýän enjamlar hakynda gürrüň açylsa, ilki bilen sowadyjynyň ady tutulsa gerek. Çünki şu günki gün sowadyjylaryň hyzmatyndan peýdalanmaýan maşgala ýok bolsa gerek.


1850-nji ýylyň iýunynda amerikan lukmany Jon Gori ilkinji gezek ýörite enjam arkaly emeli buz ýasamagyň usulyny tapýar. Ol bu ugurda kompressor tehnologiýasyny ulanyp, häzirki zaman sowadyjylarynyň ilkinji görnüşini döredipdir.


1857-nji ýylda awstraliýaly Jeýms Harrison kompressorly sowadyjylary et önümlerini öndürýän önümçilikde giňden ulanyp başlapdyr.


1858-nji ýylda fransuz alymy Ferdinand Karre ammiak arkaly emeli buz almagy oýlap tapypdyr. Onuň bu açyşy şowly bolan hem bolsa, birnäçe onýyllyklaryň geçmegi bilen ulanyşdan galypdyr.


XX asyryň başlarynda Moskwada «Eskimo» atly şereket Ferdinand Karreniň oýlap tapan usulynda döredilen uly göwrümdäki sowadyjylary halka hödürläpdir.


Ilkinji elektrik togy bilen işleýän sowadyjy 1913-nji ýylda döredilipdir.


1926-njy ýylda daniýaly inžener Kristian Stinstrup uzak wagtlap işlemäge ukyply, sessiz kämil sowadyjyny oýlap tapypdyr.


Ozalky SSSR-de 1937-nji ýylda sowadyjylar öndürilip, halka hödürlenip başlapdyr. Russiýa Federasiýasynyň Harkow oblastyndaky traktor zawodynda işlenilip çykarylan «HTZ-120» atly sowadyjylar köpçülikleýin öndürilip ugrapdyr. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşundan öň, bu kysymly sowadyjylaryň ençeme müňlerçesi öndürilip halka ýetirilipdir.


1951-nji ýylda Moskwanyň «ZIS» awtomobil zawodynda «Moskwa» atly iň kämil sowadyjylaryň ilkinji tapgyry öndürilip başlanypdyr.



Kerim AÇYLOW.

30
32
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.