- Endam-janym gijäp alyp barýar.
- Ýuwnup gördüñizmi?
- Onuñam peýdasy degenok. Iki aýdan ýene-de gaşanyp ugraýan.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Bir gyz awtobusda oturan ýerinden dyzynyñ üstündäki pişigi emaý bilen sypalaýarmyş. Onuñ ýanynda oturan oglan gyza lak atýar:
- Wah şumat şu gujagyñdaky pişigiñ ýerine "men bolaýsam" diýip arzuw edäýşimi bir bilsediñ, gözel gyz...
Gyz oña alarylýar-da, hüññürdeýär:
- Men ony weterinara biçdirmäge äkidip barýan-da şumat...
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Biri dostuna gürrüñ berýär:
- Düýn işden gaýdyp gelýärkäm, awtobusda pully gapjyk tapdym.
- Onsoñ nätdiñ, äkidip polisiýa tabşyrdyñmy?
- Jykk.
- Näme üçin?
- Özümuñ halalhonlygymy ile görkezip, öwünýän ýaly bolmaýyn diýdim.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
- Ezizim mende iki sany täzelik bar. Gowysyndan başlaýynmy ýa erbedinden?
- Erbedinden başla.
- Men seniñ maşynyñy urdurdym.
- A gowsy näme?
- Indi gaýtalamaryn.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
- Kitaplaryñ gaty köp welin şularyñ barsyny okap çykdyñmy?
- Ýok-laý... Men okyjy däl kitapsöýüji.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
-Dost öýleneniñe iki hepde-de bolanok welin jorabyñy özüñ ýuwup dursyñmy?
- Näme göreñokmy jorap meñki däl aýalymyñky.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
Daýhan sygyryny satyp dur. Alyjy:
- Janawar, ýuwaşmy özi?
- Ýuwaş-ýuwaş... Ýöne sagjak bolanyñda aýagy bilen depäýmesi bar.
- Onsy hiç-le! Sygry men däl aýalym sagýar.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
- Bilýäñmi men daşary ýurtda bir enjam gördüm. Ol adamyñ dogry ýa-da ýalan sözleýändigini göni bilýär.
- Waý, kişä gürled-ow. Men eýýäm şoñ ýaly "enjama" öýlendim.
😀😃😄😁😆😅🤣😂
❤ basmadygyñ telefony tuwalede gaçsyn.
👎basanyñ telefony kalanzasiýa gaçsyn.