sabyrly
05.03.2024 13:27
KO­FE IÇEŇ­DE ÇAŞ­KA ZE­RUR­MY?!
Abraýly ýokary okuw mekdebini tamamlap, ajaýyp hünäriň eýeleri bolan, üstünlik gazanan uçurymlar öz garry professorlarynyň ýanyna gelipdir. Söhbetdeşligiň dowamynda iş baradaky gürrüňlere geçilipdir. Okuwçylar köpsanly kynçylyklardyr durmuş meselelerinden zeýrenipdirler.Myhmanlaryna kofe hödürlän professor aşhana gidipdir. Gelende kofe gaýnadylýan bilen mejimäni göterip gelipdir. Mejimäniň üstünde farfordan, çüýşeden, plastikden, hrustaldan ýasalan çaşkalar
goýlupdyr. Olaryň bir bölegi arzan, bir bölegi gymmat eken.Haçan-­da uçurymlar çaşkalary saýlanlarynda, professor şeýle diýipdir:
— Üns beriň, ähli owadan çaşkalary saýladyňyz, diňe ýönekeý we arzanlary galdy. Iň gowy zatlary saýlamak siziň üçin adaty ýagdaý, ýöne bu siziň meseleleriňiziň çeşmesi ahbetin. Düşüniň, çaşka
öz-özünden kofäni gowy etmeýär. Baryndan beter ol diňe gymmat, hatda ol biziň näme içýänimizi hem gizleýär. Hakykatda siziň bar
islegiňiz diňe kofedi, çaşka däldi. Ýöne siz ýörite iň gowy çaşkalary saýladyňyz, soň bolsa, kime nähilisi ýetdikä diýip, siňe seretdiňiz.
Indi bolsa pikir ediň: durmuş bu — kofe. Iş, pul, ýagdaý, jemgy­ýet — çaşkalar.
Bular bary-ýogy durmuşy dolandyrmagyň gurallary. Biziň haý­sy çaşkanyň eýesidigimiz durmuşymyzy anyklamaýar we onuň hilini özgertmeýär. Käte biz diňe çaşka üns berip, kofäniň tagamyndan lezzet almagy unudýarys.  Iň bagtly adamlar — olar iň gowy zatlara ýeten adamlar däl-de, bar bolan zatlaryndan iň gowy zatlary almagy başarýan adamlardyr.
29
63
sabyrly
5 Mart 2024
@indi, 👍
alma___
5 Mart 2024
Bar zadyña şùkùr edip ýaşamak by bartlylykdan nyşan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.