tm_girl
05.03.2024 08:12
ADAMYÑ ÝATKEŞLIGI BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR.

Ýatkeşlik – psihikanyň iň möhüm wezipeleriniň biri. Ol tejribe toplamaga, geçmişe we şu güne geçmäge mümkinçilik berýär. Newrofiziologlaryň hasaplamalaryna görä, adam beýnisi 5-den 20 petabaýta çenli maglumaty ýatda saklamaga ukyplydyr. Bu göwrümi tutuş global tora deňeşdirip bolýar. Şeýle-de bolsa, köplenç telefony nirede goýandygymyzy ýa-da öýden çykanymyzda ütügi öçürendigimizi ýatdan çykaryp bilýäris. “Synergy” uniwersiteti, beýnimiziň işlemeginiň käbir syrlaryna düşünmäge kömek etjek bu ugurdaky ajaýyp ylmy gözlegleriň sanawyny taýýarladylar:

Ýat ätiýaçlygyny köpeldip bolar. Adamyň ýatkeşligi 25 ýaşa çenli ösmegini dowam edýär. Orta hasap bilen, mümkinçilikleriniň iň ýokary derejesi 19–20 ýaş aralygynda ýüze çykýar we beýni 50 ýaşdan soň gowşap başlaýar.

Suratlar ýatdan has çalt çykýar. Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary surata düşürilen zatlaryň ýatdan has çalt çykýandygyny subut etdiler. Hakykatdan hem, belli bir zady surata düşürenimizde beýnimiz surata düşýän zadymyza däl-de, surata düşürmek bilen bagly hereketlerde jemlenýär.

Ýaramaz ýatlamalar has çalt ýitýär. Ýatdan çykarmak – ýadyň esasy wezipeleriniň biridir. Gereksiz maglumatlary pozmaga we nerw ulgamyna çakdanaşa agram düşmeginden goramaga kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, beýni iň ýakymly we islenilýän pursatlary ýatda saklap, ýaramaz täsirleri has çalt ýatdan çykarýar.

Dürli iýmitlerdäki B, C, E witaminleri we ýag turşylyklary ýatkeşligi gowulandyrmaga ýardam berýär. Beýnide ýat tutmak prosesine jogapkär neýronlar bar. Sagdyn minerallara baý iýmit beýniniň gowy işlemegine we onuň ýatda saklamak ukybyna kömek edýär.

Günüň dowamynda gysga wagt aralygyň dowamynda uklap turmak täze maglumatlary ýatda saklamaga kömek edýär. Uzak wagtlap synaglara taýynlanýan bolsaňyz we köp mukdarda maglumatlary ýatda saklamak isleseňiz, hünärmenler gysga wagt aralygyň dowamynda uklap turmaga maslahat berýärler.

Ýatkeşlik arassa howada has gowy işleýär. Açyk meýdanda geçirilen bir sagat hatda ýady we ünsi 20 göterim ýokarlandyrýar.

Çepbekeýleriň ýady has gowy. Dünýä ilatynyň diňe 10 göterimi çepbekeýdir we alymlar adamlaryň bu az böleginiň maglumatlary saglakaýlar bilen deňeşdirilende has gowy ýatlaýandygyny subut etdiler.
30
200
tm_girl
7 Mart 2024
@peri_04, bayramyñ bilen kizzz🤗
peri_04
7 Mart 2024
@tm_girl, duzgunnamy pozmaly dal 😄
onbeg
7 Mart 2024
Ýöne bir bada köp işi (funksiýany) ýerine ýetirjek bolsa onda ol işleriň ählisi hiç haçan kämil derejede bolup bilmeýär
onbeg
7 Mart 2024
Ýat diýilýän zat herkimde bir hili adam haýsy-da bolsa bir zada ýykgyn etse hökman ony alyp çykyp biljek derejededir
dkgs
6 Mart 2024
menem cepekey yatkesligim govy dala yone
vekil_city
6 Mart 2024
Ýagny, хранилище bilen память-y garypdyr ))
vekil_city
6 Mart 2024
Şu maglumatyň çeşmesi ýatkeşlik bilen ýygnaýjyny garyşdyrypdyr ))
vekil_city
6 Mart 2024
Ýat bir başga, ýygnaýjy asla başga zat. Ýady RAM diýip alsak, toplaýjyny ROM diýip alarys. Telefonlardaky RAM 4GB, ROM 64 GB, şuňa üns berdiňizmi jentlmenler :)
vekil_city
6 Mart 2024
Maglumatlaryň ýalňyş ýerleri bar. Ýadyň göwrümi däl-de adam beýnisiniň ýygnaýjysy 1 pb deň.
jahek
6 Mart 2024
Peydaly!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.