amanmyradowna_
04.03.2024 22:50
Yhsan kaýsy bilinmez

Derdim köpdür diýarymdan, döwrümden,

Haýyr kaýsy, yhsan kaýsy, bilinmez.

Zalymlaryň jepasyndan, jebrinden

Yslam kaýsy, iman kaýsy, bilinmez.


Söhbetinde hak kelamyn söýlän ýok,

Mejlisinde bir nesihat eýlän ýok,

Halal kaýsy, haram kaýsy, saýlan ýok,

Sud kaýsydyr, zyýan kaýsy, bilinmez.


Halaýykda görelde ýok, görüm ýok,

Baýlarynda sahawat ýok, berim ýok,

Hatynlarda haýa, gyzda şerim ýok,

Edep kaýsy, erkan kaýsy bilinmez.


Kişiniň malyna gözün aldyrlar,

Täsip edip, köňle kine doldyrlar,

Bir-birini nähak ýere öldirler,

Nurbat kaýsy, aman kaýsy, bilinmez.


Magtymguly, jan myhmandyr, göwre läş,

Ýagşa dost köp, ýaman bolsaň, ýok gardaş

Bu eýýamda baş-aýakdyr, aýak-baş,

Ýagşy kaýsy, ýaman kaýsy, bilinmez.
25
120
amanmyradowna_
16 Mart 2024
@Kmg gurt, hmmm
Kmg gurt
16 Mart 2024
@amanmyradowna_, yerini bilyan, duyn gordim.
amanmyradowna_
16 Mart 2024
@Kmg gurt, howa. Meni alyp gaytdy hali şowagt açykdy yol
amanmyradowna_
16 Mart 2024
@Kmg gurt, howa. Yorite spartivka geydik. Yokarky yolyñ towereginne ekdik.
amanmyradowna_
16 Mart 2024
@Kmg gurt, yok bag ekdik😁
amanmyradowna_
12 Mart 2024
@geldiyevna arassalaşdyryp geçip gityàñow🤣
amanmyradowna_
12 Mart 2024
@geldiyevna, 😂😂😂😂
amanmyradowna_
11 Mart 2024
@flowers_, 🤣🤣🤣🤣
amanmyradowna_
11 Mart 2024
@flowers_, wah gòrgùli disden dollyrdy hallen bari
flowers_
11 Mart 2024
@amanmyradowna_, biri arz edipdir Aşyr kowlany😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.