sabyrly
04.03.2024 14:35
Bir gün örän baý adam ogluny ýanyna alyp, syýahat etmegi ýüregine düwýär. Onuň baş maksady ogluna pulsuz ýaşamagyň nähili kyndygyny düşündirmekden ybarat bolupdyr.
Ataly-ogul birnäçe günläp, bir garyp maşgalanyň fermasynda ýaşapdyr. Öýlerine gaýdyp gelýän wagtlary kakasy oglundan sy­ýahatyň nähili täsir galdyrandygyny sorapdyr.
Ogly:
— Ýarady, kaka — diýipdir.
— Adamlaryň näderejede garyp bolup biljekdiklerine göz ýetirdiňmi? — diýip, ol ogluna sowal bilen ýüz tutupdyr.
— Elbetde, kaka — diýip, oglanjyk ýüzüniň ugruna jogap beripdir.
Kakasy:
— Syýahatymyzdan nähili netije çykardyň? — diýip, ýene ogluna ýüzlenipdir.
Ogly bolsa şeýle jogap beripdir:
— Bizde ýekeje güjügiň, olarda 4-siniň bardygyny gördüm.
Biziň howzumyz mellegimiziň ýarpy ýerini tutýar, olaryň kölüniň aňyrsy görnenok. Biziň bagymyza çet ýurtlardan getirilen çyralar ýagty berýär. Olarda weli gijelerine ýyldyzlar ýalkym saçýar. Biziň eýwanymyz howlymyzyň öňüne çenli ýeri tutýar. Olaryň giňişlikleriniň aňyrsyna göz ýetmeýär. Biziň ýaşaýan ýerimiz uly bolmadyk
ýer bölegi. Olaryň bolsa aňryçägini gözüň bilen görüp bolmaýan meýdanlary bar. Biz iýip-içjek zadymyzy satyn alýarys, olaryň özleri ýetişdirýär. Biziň öýümiziň daşyny diwarlar penalaýar, olaryňkyny dostlary.
Kakasy ogluny diňläp doňup galýar. Ogly bolsa sözüniň üstüne ýene bir jümle goşup, şeýle diýýär:
— Biziň näderejede garyp ýaşaýandygymyza göz ýetirdim.
30
61
ATOMIC
4 Mart 2024
👍❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.