Düwmeli egin-eşikleriň gelip çykyşynyň uzyn taryhy bar. Hünärmenleriň pikirine görä, X asyryň başynda zenanlaryň we erkekleriň eşiklerinde dürli berkitmeler giňden ýaýrapdyr. Şeýle-de, düwmeleriň aýratyn tapawudy bolup: zenanlaryň eşiklerinde çep tarapa, erkekleriň eşiklerinde bolsa sag tarapa tikilipdir. Eýsem, munuň sebäbi näme?
Maglumatlara görä, Germaniýada ilkinji düwmeler öndürilipdir. Ol düwmeler süňkden, agaçdan, demirden, merjenlerden, gymmat bahaly daşlardan, kümüşden hem-de altyndan ýasalypdyr. Ilkibaşda düwmeler gymmatly zat hasaplanýar. Çünki düwmeler diňe eşikleri berkitmek üçin däl-de, bezeg hökmünde hem ulanylypdyr. Düwmeler adamlaryň jemgyýetçilik ýagdaýynyň we statusynyň alamaty hasaplanýar. Şol günden bäri zenanlaryň we erkekleriň eşikleriniň düwmeleriniň dürli taraplarda bolmaly diýen karar edilýär.
Erkekleriň eşiklerindäki düwmeler, harby däp-dessurlara baglylykda sag tarapda ýerleşdirilipdir. Sebäbi şol döwrüň esgerleriniň köpüsi ýaragy çepde göteripdirler. Bu ýagdaý bolsa sag tarapdaky düwmeler egin-eşige degmän ýaragy çalt taýýarlamaga kömek edipdir.
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, gadymy döwürlerde düwmeler gaty gymmatly zatlardan biri hasaplanýardy. Hut şonuň üçin düwmeleri diňe gurply zenanlar satyn alyp bilýär eken. Asylly zenanlaryň elmydama hyzmatkärler tarapyndan geýinýändigi bize mälim bolsa gerek. Çünki çep tarapdaky düwmeleri düzeltmek hyzmatçylara iş prosesini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär diýen teoriýa bardyr.