tmyigit76
03.03.2024 21:09
Elon Muskyň bir günde näçe pul gazanýandygy mälim edildi!


Elon Musk häzirki wagtda dünýäniň iň baý adamlaryndan biridir. Meşhur sosial media platformasy X (Twitter), elektrik awtoulag öndürijisi Tesla we kosmos transport kompaniýasy SpaceX bilen tanalýar. Beýle bolsa Elon Musk bir günde näçe pul gazanýar?


Elon Musk 1971-nji ýylda Günorta Afrikada dünýä indi. Tehnologiýa we awtoulag pudagynda ynkylapçy telekeçi hökmünde tanalýan Muskyň baýlyga barýan ýoly 1990-njy ýyllarda internetiň giň gerimde ýaýramagyndan başlandy.

Musk, esaslandyran Zip2 onlaýn programma üpjünçiligi 307 million dollara satylmagy bilen jübüsine köp mukdarda pul girdi. Meşhur telekeçi bu pul bilen soňky ýyllarda PayPal-y we x.com-ny esaslandyrdy.

Netijede, “PayPal” 2001-nji ýylda 1,5 milliard dollara satyldy. Bu satuwdan 165 million dollar paý alan Elon Musk, bu maýa bilen “SpaceX” -ni esaslandyrdy we “Tesla Motors” -a maýa goýdy. Bu iki kompaniýa tarapyndan gazanylan üstünlikli ädimler Musky milliarderleriň sanawyna goşdy.


Elon Muskyň bir sekuntda gazanan pullary köpleri haýran galdyrdy.



Elon Muskyň ýyllar boýy has köp pudaklara we kompaniýalara maýa goýan goýumy 2020-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli 20-30 milliard dollar töweregi boldy. 2024-nji ýylyň fewral aýyndaky maglumatlara görä bu görkeziji 200 milliard dollardan gowrak. Bu sanlarda görşümiz ýaly uly ösüş bar. Elbetde, beýle ýokary görkezi sebäpli "Elon Musk näçeräk pul gazanýar?" diýen soraglar berilýär.

"CoinCodex" tarapyndan paýlaşylan maglumatlara görä, Elon Musk her sekuntda 723 dollar gazanýar. Bu her gün 65 million 467 müň 200 dollara gabat gelýär. Elbetde, bu mukdar hemişe üýtgewsiz galmaýar, sebäbi maýa goýujy bolan kompaniýalaryň paý bahalary durnukly bolmaýar.

• Bir sekunt: 723 dollar

• Bir gün: 62 million 467 müň 200 dollar


Bellik. Bu maglumatlar www.CoinCodex.com - a esaslanýan www.shiftdelete.net-den alyndy
50
374
tmyigit76
5 Mart 2024
@vekil_city, çeşmesinde şeýle berlipdir. Hatda x.com bn häzirki wagtda herket edýän x (twitter) platfotmasy garjaşdyrlyp, 44 mlrd $ satyn alan x (twetter) -i özi gurdy diýipdir🤦🏻‍♂️. Maskyň özi bolanda : 3 mlrd $ -my? Aý söwdada bolup durýa"-diýerdide biz üçin az pulam däl :)
vekil_city
5 Mart 2024
Ýogsa-da men şul adamy geň görjek alnyma geler ýaly😁
vekil_city
5 Mart 2024
"Aý ol milliarder, 3 mln$ raznisa edip biler" diýip kabul etsegem boljak welin, şol raznisa edýändigini ýazmansyňyzda (:
vekil_city
5 Mart 2024
Iki görnüşli ýazylypdyr, ýokarda 65 mln 467 müň 200$ ýazylypdyr, aşakda bolsa 62 mln, 467 müň 200$ ýazylypdyr. 3 mln$ raznisa edýär, onsaň bu habaryň haýsy dogryka?
ayjaa
4 Mart 2024
Tuweleme 👍
atamyrat1303
4 Mart 2024
👍 halaldan gazanyp halala sarp etsin
tyllayev_allanur
3 Mart 2024
Tuwelleme👏
ATOMIC
3 Mart 2024
👍❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.