sabyrly
03.03.2024 17:30
Günleriň bir güni bir garry daş ussasy deňziň gyrasyndaky gaýany ýonup ýörenmişin. Howa aşa yssy bolanlygy üçin Güneş ony ýakyp barýar. Garry bolsa şolbada Hudaýdan dileg edýär: «Eý, Allajan, käşgä menem Güneş bolsadym» diýip. Hudaýam kabul edip, ol şolbada Güneşe öwrülýär. Ýöne öňüni bulutlar tutýar-da, Güneşiň hökmürowanlygy galmaýar. Adam soňra bulut bolmak isleýär. Isleýşi ýaly, bulut bolýar. Şol buludy şemal alyp gidýär. Bulut şemalyň elinde gaýmalap ýörenmiş. Soňra güýçli şemal bolmak isleýär. Bu arzuwy hem hasyl bolýar. Şemal hemme ýere eýeçilik edýär. Tolkun bolýar, apy-tupan bolýar, tüweleý bolýar. Hemme zat şemalyň garşysynda baş egýär. Şol wagt ullakan dag gaýasyna gabat gelýär. Şemal her tarapdan öwsüp görýär. Emma gaýa muny birjigem duýanok. Pikir edişiňiz ýaly, bu garrynyň gaýa öwrülmegine hem rugsat berýär. Indi ol dim-dik bolup sarsman durýar. Emma bir gün oýananda arkasynda agyry bardygyny duýýar. Görse, bir garryja daş ussasy gaýany ýonup duran eken.
Adamlaryň durmuşdan gutarnyksyz islegleri bardyr we ýerine ýetirilen her isleg öz elindäkilere şükür edip bilmeýän jandara öwürer. Bu bolsa göwnüçökgünlige getirer. Elindäkileri bilen şatlanyp bilmeýän adamy dünýäleri peşgeş berseňem bagtly edip bilmersiň!
27
53
ATOMIC
3 Mart 2024
Gowy manyly👍❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.