sabyrly
03.03.2024 11:49
Tämiz duýgy bilen ýugrulan şygyr,
Duşan tebibi deý melhem adama.
Gülkünç bolar, ýazylmasyn goşgular,
Taýyn sazyñ, taýyn heñiñ badyna.

Bolmaz gursagyñda uklan duýgyny,
Eliñ bilen oýandyryp, güýjedip.
Setirleri paýlap ýörmäñ manat deý,
Saklañ ony toşap kibi süýjedip.

Goşgy kalpda çoýun kimin taplansyn,
Saklansyn ol bir mukaddes syr kimin.
Okyjylar gözläp tapsyn goşgyny,
Ummanlaryñ düýbündäki dür kimin.

Arzysy bolmaly her bir setiriñ,
Şahyr haryt däldir, nyrhy bolmaýar.
Eger toý süýji deý seçeläp ýörsek,
Şygryñ warsakydan parhy bolmaýar.

Şygyr tämiz bolsun, päk bolsun, ony,
Mukaddes zatlaryñ deñinde saklañ!
Çigit satyñ,mata satyñ, gül satyñ,
Ýöne, haýyş edýän, goşgyny satmañ!

Aşyr HANOW
27
49
efsane_tm
3 Mart 2024
@awgust, ay yo goşulamak, şey diymek islesede beyle manyny berenak
efsane_tm
3 Mart 2024
@sabyrly, sey diyjek bolandyr diybem oyladym yone, melhem adama diylende, möy adam, demir adam, möjek adam diyen kinolardaky yaly melhem adam diyen yaly bolp durda :) hassa adama adama diyse has gowy boljak eken
sabyrly
3 Mart 2024
@efsane_tm, türkmençilikde yrym bar diýseñem boljak agyr ýatan hassa nije ýyllaryñ dowamynda gowulaşman bir saý sebäp bilen tebibiñ aýdan zatlary bn aýaga galsa tebibi duşupdyr diyyaler derdiniñ melhemine duşdy manyda alynýar
efsane_tm
3 Mart 2024
Duşan tebibi deý melhem adama" o nahili? melhem adamy tapan tebip diyenimika🙄 şoña dusunmedim gowy gosgy eken, bolsada bolmasada 2manat ucin gosgy yazyalar bir bicare begenip alyar ol manysyz gosgyny
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.