tmyigit76
02.03.2024 21:03
«Photomath» Google degişli programma öwrüldi.


Google resmi taýdan yglan etdi:
Ähli matematika meseleleri çözýän programma üpjünçiligi "Photomath" bilen tanyş boluň!



 Google, 2022-nji ýylda satyn alan matematika meseleleri çözüji Photomathy programma dükanlaryndaky sahypalaryny täzeledi. Photomath indi Google-a degişli programma hökmünde görkezilýär.


 ABŞ-da ýerleşýän tehnologiýa ägirdi “Google” 2022-nji ýylda köpleriň ünsüni çeken işleri amala aşyrdy. Kompaniýa matematika meselelerini çözmek üçin meşhur programmalaryň biri bolan "Photomath" -y resmi taýdan satyn aldy. Öndüriji kompaniýa, geçen ýyl kadalaşdyryjy edaralar tassyklandan soň Google geçirildi. Indi Google-dan Photomath bilen baglanyşykly üsn çeken ädim edildi.


 Google Play we App Store-daky Photomath programmasyny dörediji hökmünde Google-ni görkezýän täzelik girizdi . “Photomath” -y şu gün smartfonyňyza ýa-da planşetiňize göçürip almak isleseňiz, programmanyň “Google” -a degişlidigini görüp başlarsyňyz. Şeýlelikde, indi Google-da resmi taýdan matematika meselesini çözmek üçin programmasy bar.


App store-däki Photomath sahypasy şeýle üýtgedi:

 Photomath gaty giň göwrümli programma. Bu programmany ulanyp, surata düşen matematika soragyňyza jikme-jik jogap tapyp bilersiňiz. Esasy matematika, algebra, geometriýa, trigonometriýa we statistika ýaly köp kategoriýada hyzmatlary hödürleýän programma goşmaça abuna bukjasyny hem hödürleýär. "Photomath Plus" diýlip atlandyrylýan bu abuna bukjasy, animasiýa düşündirişlerine we has jikme-jik sorag çözgütlerine mümkinçilik berýär.


 Undan başgada Google-yň birnäçe wagtdan bäri matematika soraglary üçin çözgüt hyzmatlaryny hödürleýändigini ýatladýarys. Bu kontekstde: Google Lens hyzmaty matematika soraglaryny çözüp biler. Bu ýagdaýda Photomath bilen Google Lens arasynda gapma-garşylyk bolup biler diýip pikir edip bilersiňiz. Google bu mesele boýunça hiç hili beýanat bermedi, ýöne Photomath we Google Lens geljekde integrirlenen görnüşde işlär.




Ýatlatma!


Öwrenmeliniň algebra we geometrik meselelerde kynçylyk çekýän okuwçy agzalary çatdan çykyp, ýalňyşlyk bilen şu posta girse, şu programmany size maslahat berýäs.

Programmanyň artykmaçlygy: meseläni surata almak arkaly ofline (internetsiz) görnüşe çözmegidir.


Photomath programmasyny şu ýere basyp ýükläp bilersiňiz





çeşme: www. webtekno.com
taýýaralan 𝚝𝚖_𝚢𝚒𝚐𝚒𝚝𝟽𝟼
32
75
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.