Imissyou
02.03.2024 19:31
ATA DILEGI


Tiken bolup çümseň meň tenime çüm,
Islendik daşyňy men üstüme zyň,
Olara çyrag bol bol sen maňa tüm.
Ynjydyp düşseňem meň ýüregme düş,
Emma balalarmy aglatma durmuş!

Mana düşsin kötel ýollañ akymy,
Perzentlemme bagş bolsun ýalkymy,
Çekdirip çagamyñ çekjek ýüküni,
Al janymy, olaň ömürlerine goş,
Emma balalarmy aglatma durmus!

Wepalary ýetsin eklegen Enä,
Il gününe bolsun synmajak pena.
Bir gün etselerem ýalñyşyp günä,
Goý meniñiki bolsun edilen gargyş,
Emma balalarmy aglatma durmuş!
31
157
flowers_
4 Mart 2024
Kiçijek wagtynam küýseýäñ, ysgaýsañ şu balajygy🥰
flowers_
4 Mart 2024
@medik_, nesip bolsa.
medik_
3 Mart 2024
@Imissyou, tuweleme yasuzynja bolsun!@flowers agzan gyzy bn bile yas toy edersiniz indi owremelide😊
ATOMIC
2 Mart 2024
Uzak ýaşasyn, Bet oglan bolup ýetişsin😁
ATOMIC
2 Mart 2024
👍
medik_
2 Mart 2024
Iki oglunmi ya ikisem bir cagajykmi,🙄
medik_
2 Mart 2024
@Imissyou, tuweleme uzak yasasyn.akyllyja oglan bolup yetissin,😊
flowers_
2 Mart 2024
Ýaşy uzyn bolsun. Berilidigi bolsun, ene-atasyna wepaly oglanjyklar bolsun.
gùl🦋__
2 Mart 2024
Gowjadygyny tùweleme🧿 bizede şeýleje bàbejik nesip etsin 😇
medik_
2 Mart 2024
Oz oglujygynmi🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.