ATOMIC
02.03.2024 17:20
Kiçijek Şazada

III

Uzak wagtlap onuň nireden peýda bolanyna diişü- nip bilmän kösendim. Kiçijik şazada iistiimi sorag bilen gömdi, öziinden bir zat soralsa welin, buýtar-suýtar edip, eşitmediksirän boldy. Hemme zada biraz soňrak, onuň käte bir agzyndan sypdyrýan sözlerinden kem- kem diişiinip ugradym. Ynha, ol ilkinji gezek uçary- my görende (uçaryň suratyny çekip duijak däl, barybir, oňarmajagym belli): — Bu näjiire zad-aý? — diýip sorady. — Bu zat däl-de, uçar. Meniň uçarym. Özem uçýar. Men bimeme buýsanybrak, özimiň uçup bilýänimem ýaňzydyp, sözümiň üstüni ýetirdim. 0l ör-gökden gelip seslendi: — Bäý-bä! Sen asmandan ýere gaçdyňmy? — Hawa — diýip, sadalyk bilen jogap berdim. — He-he-he! Gülkünçdigini!... Kiçijik şazadanyň ýitiden nakys gülküsi degnama degip ugrady (men öz gürrüňlerime çynlakaý garalsa kem göremok), soňra ol: — Diýmek, senem gökden inipsiň-dä! Haýsy planetadan geldiň?
«Äh-hä, munuň uçgyraksyz çölde birden peýda bol- magynyň sebäbi, mundan gelip çykd-ow!» diýip, içimden pikir öwürdim-de, dikanlap özüne sowal berdim: — Sen bu ýerlerik başga planetadan düşüpsiň-dä onda, şeýlemi?

Sowalym ýene jogapsyz galdy. 0l meniň uçarymy synlap durşuna, hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady: — Yöne bu zat bilen sen uzakdan-a gelip bil- mersiň... Eslije wagtlap bir zatlaryň küýüne düşüp dymdy. Soňam jübüsinden guzynyň suratyny çykaryp, bu taý- syz hazynasyna synçy nazaryny dikdi.Ynansaňyz, birdenkä, başga planetalar baradaky bi- lesigelijiligim maňa otly köýnek geýdirdi. Ondan köp - räk maglumat almaga çalşyp: — Sen nireden uçup geldiň, körpeje? Öýüň-öwza- ryň nirde? Çeken guzymy nirä äkitjek bolýaň? — diýip, daşyna geçdim. Ilk-ä biraz diňşirgendi, soňundanam: — Siziň maňa çekip beren gapyrjagyňyz örän aja- ýyp, guzujygym gijesine şonda ýatar — diýip, gepiň ugruny üýtgetdi. — Elbetde! Eger akyllyja bolsaň, men saňa ony gündizine daňar ýaly, ýüp bilen gazygam berjek. Teklibim Kiçijik şazada geň gömen borly, ýüzüni Çytdy: — Daňmaly?! O nämä gerek? — Daňmasaň, ümdüzine tutdurar-da, tazygar gi- der-dä. Aýdanym hoşuna geldi öýdýän, oglanjyk ýene-de hälki gülküsine başlady: — Nirä gider öýdýäň? — Gitmejek ýeri barmy, ýurtdan çykar. Kiçijik şazada ýürejigi bilen janykdy: — O hiç-le, meniň ýaşaýan ýerimde agaýana gezer ýaly ummasyz giňişlik ýok ahyry. — Soňam biraz sä- ginip, yzyny sugşurdy. — Eger eýläk-beýläk sowul- man, göni gitseň, az salymdan ýene öňküje ýeriňe gaýdyp gelersiň...

Antuan De Sent Ekzüperi
Fransuz dilinden
Terjime eden Serdar Hojaýew
51
58
ATOMIC
2 Mart 2024
❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺❤️🌺
Kenno_Tabi
2 Mart 2024
@pilot✈, Hekaýa ❌ Powest ✅
PILOT👮‍♂️✈🛩
2 Mart 2024
Gowy hekaya men okadym şuny
ATOMIC
2 Mart 2024
Okaýan bir barmy özi😒
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.