lavinya_
02.03.2024 17:18
MINIATÝURALAR

* * *
Bir goşgy ýazdy. Özüne düşündirdiler.

* * *
…we bir gün, adatdaky bolşy ýaly, öýe geldim: ýok ekenim.

* * *
Ýerzeminde, kyrk alty ýaşynyň içinde, ýetip gelýän ýigrimi üçünji doglan gününe bagyşlap goşgy ýazmaga başlady we arheologlara selfi düşüp ugratdy.

* * *
Şeýle bir çuň pikirlendi… Iň soňunda gitdi-de, mazardaşyndaky suratyny dyrnaçaklady, adyny pozdy.

* * *
Ýürekden ýaşady, kelleden atyldy, bagryndan asyldy, ruhundanam kowdular neressäni.

© Rahat Şyhyýew

* * *

Duralgadaky ýaş gelin telefonyny öçürip, begenjine: “Buşluk, oglum bolupdyr!” diýdi-de, mylaýym ýylgyrdy. Menem ýylgyrdym.

* * *
Olar älem giňişligine uçdular. Gelenlerinde dünýä ýerinde ýokdy.

* * *
Sapançany aýna çenäp, mäşäni gysdy we assadan ýere ýykyldy aýnadaky sudury.

© Begençgeldi Orazow

* * *
Pul ýagýar. Topulmaga adam ýok.

* * *
Ýene-de basyrganypdyryn. Düýşümde, oýanýamyşym.

* * *
Sagadyma seredýän, her gezek bir zat görkezýä. Aldagçy.

© Umyt Küle

BIR ÖMÜR

Neresse bary-ýogy alty gün ýaşady we bütin ömrüni aglap geçirdi.

Toplan: Mukam Muhamow
( Gowy gördüm paýlaşmak isledim)
32
68
Abat_
7 Mart 2024
Umyt Küle galan eserlerem özboluşly gyzykly
lavinya_
4 Mart 2024
@fuul, Salam ,nirde ulanasyňyz gelse ulanyberiň (bularyň hersi bir awtoryň sözlerinden alynan hersinin aşagyndada ýazylan) :)
fuul
4 Mart 2024
Bu sözler Nirde ulanylýa we nm u.n
fuul
4 Mart 2024
Nâili dushinmelika manysyna
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.