Wagt ölçäp otyr ähti wepañy,
Kalbym, ruhum çekýär jebri jepañy,
Köýenem kän sürenem kän sapañy,
Dünýäm arzuwlara dolduran Söýgi.
Saña tarap çykdy ýollaryñ bary,
Aýrylyp bilmedim çeksemde zary,
Goşgy gazallarmyñ sendedir gory,
Göwnüm al asmana galdyran Söýgi.
Mähir muhabbetiň dowadyr kalba,
Sensiz boşap galar bu garyp külbe,
Bir gyzyň yşgynda edip bir telbe,
Yşgymyň sazyny çaldyran Söýgi.
Ýersiz ýere käte goýupdyñ ünjä,
Ýetirenok ýazgyt arzyly bijä,
Görmek üçin entäp gijeden gijä,
Sabyrym takatym öldüren Söýgi.
Sen gapymy kakdyñ özüm ýitirdim,
Ýyldyzlara ellerimi ýetirdiñ,
Şeýle bagty sen başyma getirdiň,
Bagtyň nämedigni bildiren Söýgi.
Süleýman TEKÄÝEW