Argantinaly Antonio Porkýanyñ özboluşly şygyryýetini "pikirleruñ sazlaşygy" diýip atlandyrmak bolar. Ol öz goşgy setirlerini şygyryýetiñ adatt usullaryny peýdalanmazdan, edebi bezeglaer ýykgyn etmezden, juda gysga, ýöne çuñ manyly döredipdir. Hiç hili owaz berilmedik, belli bir ölçeglere salynmadyk şol setirker, pikiriñ yzgider hereketiniñ böleklerine ses goşýana meñzeýärler. Şahyr olary "Sesler" diýip atlandyrypdyr. Biz hem şok seslerden birnäçesini okyjylarmyza ýetirmegi makul bildik.
***
Ýokaryña garamasañ, özüñi belentligiñ çür başy saýýarsyñ.
***
Hiç kim maña görelde bolmady, menem hiç kim bolup galdym.
***
Meni ýatlarlar diýip ýaşalýar.
***
Başga birine meñzäp ýaşaýan adamyñ özi ýok diýen ýalydyr.
***
Olaryñ senden näçeräk uzakdadygyny, diñe ýakynlaşañsoñ bilersiñ.
***
Hiç zatda-da bolman galmazlyk üçin, haýsy hem bir zatda bolasym gelýär.
***
Bir-ä men bardym, birem deñiz bardy. Menem ýalñyzdym, deñizem. Bize bir-birimiz ýetenokdy.
***
Her gezek oýananymda, hiç zat bolmagyñ nähili añsatdygy hakynda oýlanýaryn.
***
Söýýän adam özüniñ näme üçin söýýändigini bilýän bolsa, diýmek, söýýän däldir.
***
Adamyñ özi hiç ýere gitmeýär. Edil geljek deý bar zat onuñ üstüne gelýär.
"Dünýä edebiýaty" žurnaly
Terjime eden: Ylýas Mawyýew