Gyş sowulyp,ýaz gelipdir,
Çykyşyňyz seýlemidir.
Dünýämize näz gelipdir,
Döreýşiňiz beýlemidir.
Gulagyma saz gelipdur,
Ýürek sesi şeýlemidir,
Yşk kadasy beýlemidir.
Geçip gitdiň gaş kakyplar,
Siňip gitdiň gözlerime,
Galdymyzyňdan bakyp, ýar,
Bendi bolup näzleriňe,
Togap eýläp yzlaryňa.
Hakym ýok aýtmaga adyň.
Rakyp ählinden çekinýän.
Düşünmezler ýakyn-ýadyň,
Jemalyň görsem dokunýan.
Keramatsen, göwün şadym.
Seždämsen, saňa sygynýan,
Jennetden çykan kokun, ýar.
Syganok söýgim çygryna,
Ejiz gelýän götermekden.
Bezeg berýäň bar şygryma,
Gorkýan seni ýitirmekden,
Ömri bihal ötürmekden.
Ak gar ýaly alkymyň bar,
Misli, gyşyň doňagyndan.
Dünýä dolýar ýalkymyň, ýar,
Suw geçende damagyňdan.
Göwnüm gidýär galkynyp, ýar,
Alsam posa ýaňagyňdan,
Kyrk çilläniň doňagyndan.
Mejnunyň men, Leýlim bolsaň,
Zöhräm bolsaň, Tahyryň men.
Halanyň men, Söýlim bolsaň,
Waspyň ýaýýan şahyryň men,
Hyýalyňda zahyryň men.
Duçar bolup agyr yşka,
Göz ýetirdim kän-kän zada.
Ýetmek üçin jennet-müşge,
Tabyn boldum kanun, kada.
Dünýesinde barym seňki,
Permanyňa kaýyldyryn,
Ykbalyňa maýyldyryn.
Wadaňa gaýym bol,läläm,
Elimde beren desmalyň.
Şol desmal ömrüme möhür,
Bu syr-ikimize mälim,
Bu syrdan alsynlar tälim.
Şyhmustapa HUDAÝBERDIÝEW