Bolara bolgusyz hyýallar bilen,
Dumanladyp serim başym aýlamaň.
Hem talabym hemem sizden haýyşdym,
Hemmani deň gorüň adam saylamaň.
Kimden peyda gowy bolsa yan berip,
Bipeýdany derrew yere gömýäňiz.
Bilmedim nahili ýaradyldyňyz,
Neneň gurlan siziň uly dünýäňiz.
Garyp baýam beyik Allaň ynsany,
Hemme bir gün gara yere gitmeli.
Bir birege goldaw beriň elmydam,
Hemme beyik sepgitlere yetmeli.
Ýamany terk edip ýagşyny söýüp,
Birini goyup beylekini oylamaň.
Hem talabym hemem sizden haýyşdym,
Hemmani deň gorüň adam saylamaň.
Awtor: Nabelli 🤷