sabyrly
29.02.2024 17:39
Arzuwlarym öz erkime goÿmady,
Barsam diýip köýtendaga togaba.
Hyýallarym hasyl edeýin diýip.
Ahyr bir gün myhman bardym Lebaba.

Bir gyza satasdym misli bir peri,
Başy gül ýaglykly egni keteni.
Arman ol gözeliñ bir aýp ýeri,
Lebaply şol gözel ogry ekeni.

Seýran edip gözel,gözel ýerleri,
Gaýtdym yza togap edip dagyna.
Hoş Lebabym men ýenede gelerin,
Ýüregim ogurlan gyzyñ ýanyna.

Söhbet ORAZMUHAMMEDOW
29
36
flowers_
29 Fewral 2024
"Ogry ekeni"😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.