Relax
28.02.2024 23:36


Soňky pula däl, artykmaç pula keýp edilýär


*****


Men pula: "Sen häzir hem bir bölek kagyz sen diýdim"Pul ýylgyrdy-da: "Elbetde bir bölek kagyzdyryn, emma häzire çenli durmuşymda musur bedre görmedim" diýdi.


*****


Kynçylyklaryň köpeldigi saýyn, dostlaryň azalýar


*****


Garybyň üstünden gülme. Garyplyk hiç kime höwes däl. Kimdir döwüre görä geýinýä, kimdir ýagdaýyna.


*****


"Wagt" we "Ömür" -i özümki diýme… Ikisi hem amanat. "Wagt" geçdigi saýyn "Ömrüň" hem soňlanyp barýar… — "Ömür" soňunda bolsa "Wagt" geçip gidenini düşünýäň.


*****


Üstünlige ýetmek üçin lift ýok, depjeklerden çykmaly bolýar.


*****


Biriniň görkine baha bermezden öň, ýaradyjysy ALLA ekenligini unutma.


*****


Dogulmak, ölüme goýlan ilkinji ädim.


*****


Durmuş owadan emma rehimsiz, öýkeleme sabyrly bol

Gaharyň gelse iý nahar, onsoň ukla, rahat bol

*****

Akyl işledilýän ýere, güýç işletme

*****

Bu dünýäde "zäher" hem pula satyn alynýa, onsoň "bagt" nirden mugt bolsun?

*****

Durmuşyňdan närazy bolsaň, mazary zyýarat et

*****

Eger şeýle güýçli bolsaň, mazarlyga bar. Senden güýçliler sessiz ýatyr

*****

Özüňi nähili ýokarda duýsaňam, senden ýokarda biriniň barlygyny unutma.

*****

Nokat nähili kiçi bolsada, emma islendik gürrüňi saklaýar.

*****

Möjek aç ölsede, itiň käsesinde nahar iýmeýär

***

Adama hemişe maslahat gerek däl. Goldaw berjek el, diňlejek gulak, düşünjek ýürek gerek.

***

Hiç-haçan meniň häsiýetimi meniň gatnaşyklarym bilen deňemäň. Meniň häsiýetim maňa bagly, gatnaşyklarym bolsa - seniň özüňi alyp barşyňa.

***

Eger adam agyryny duýýan bolsa - ol entek diri, eger başgalaryň hem yzasyny duýýan bolsa - ol entek adam.

***

Dagyň ýokarsynda duran adam asmandan düşen däldir.

***

Ýigrenýäňmi? Diýmek, seni ýeňdiler.

***

Käbir adamlar şeýle bir garyp, hat-da olaryň bar zady - diňe puly.

***

Wagt uçup barýar, bu erbet habar. Gowy habar: Onuň piloty - siz.

***

Raýaty gorap bilmeýän kanun raýatyň özüni goramagyna päsgel bermeli däldir.

***

Gyzylda geçmek üçin köp ,"ýaşylyň" bolmaly.

***

Häzir ýönekeý akmaga-da sataşmak kyn, hemmesiniň ýokary bilimi bar.

***

Düzgün ýönekeý: bilmeýän zadyň barada özüňçe pikir ýöretme.

***

Saglyk we baýlyk däl-de, şowlulyk diläň. Titanikdäkileriň hemmesi sagdyndy we baýdy, emma diňe şowlular diri galdy.

***

Adamlar "Wagt geçip barýar" diýýär. Wagt bolsa "Adamlar geçip barýar" diýýär.


94
992
jumaly
6 Mart 2024
Gül ýaly manyly setirler malades
vekil_city
5 Mart 2024
Gazananjasyny diňe içip geçirýän ýa-da 50 gram et üçin ählije gazananyny harçlaýan adamlaram bar. Muňa nähili düşünmeli (:
vekil_city
5 Mart 2024
Diňe keýp edip ýaşaýan adamlaň puly artykmaç däl diýip oýlanýan.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.