tmyigit76
28.02.2024 22:58

Söýýärin seni mp3- Resul Geldiýew







Açylan güldüň sen bahar möwsümde,
Inçe bil, alma-nar goýlan göwsüňde,
Aý indi parhy ýok näçe öwseňde
Meni terk etseňem söýýärin seni.

Gündiz hyýalymdyň gijeler düýşüm,
Ýeterlik dälmidi ýar seni söýşüm.
Näçe kyn bolsada özümi duýşum,
Ýüregim sende diýp söýýärin seni.

Kalbym oda atsaňam,
Bagtyň özgä çatsaňam,
Nika ýüzügini daksaňam,
Ynan söýýärin seni.

Ýaňy bir bak gülmüz açyldy öwsüp,
Goýduň arzuwlardan umytdan kesip,
Gyzlyk dünýäň özgä etsede nesip,
Bagtly bolgun diýip söýýärin seni.

Diýdiň: barjak ýigdim meniň hossarym,
Soraýarlar menden seni dost-ýarlar.
Ýüzüm salýan batyp gam-gussa ýarym,
Dertlerde goýsaňam söýýärin seni.

Gelin aljyň aýdym sazly öňümden,
Içinde sen, geçip gitdiň denimden.
Galsamda ýar ýaş akdyryp gözümden,
Şonda-da bagt isläp söýýärin seni.

Kalbym oda atsaňam,
Bagtyň özgä çatsaňam,
Nika ýüzügini daksaňam,
Ynan söýýärin seni.
35
192
efsane_tm
29 Fewral 2024
birem şu aydymy sorajakdym🙄
orazow96
29 Fewral 2024
@garlawac, dowry yone gysga aydym goýulan wideleri bar bir gelin bilen shon bilenem kiliwa dushenok ýone 2 mi 3mi widesi bady weli gelnimikan oýütýadim
orazow96
29 Fewral 2024
@garlawac, resul öýlenmedikmi
tmyigit76
28 Fewral 2024
@enes_, 👍🏻
tmyigit76
28 Fewral 2024
@enes_, mümkinçiligim çäkliräk. Synanşyp görerin. Şul aýdymam doňdyrýa progy. Doňdurmasa....bolar
tmyigit76
28 Fewral 2024
@enes_ haýsy aýdym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.