gokgi
27.02.2024 15:49
Halkymyzyñ arasynda palowy müñ ýylmundan ozal Lukman Hekim oýlap tapypdyr diýen sözler bar. Ol oña "Palow aş" diýip at beripdir. Onuñ her bir harpy palowa goşulýan önümleri añladýar. Geliñ ol harplar bilen gysgaça tanyş bolalyñ:
P - "pyýaz" sogan
A - "aýez" käşir
L - "lahm" et
O - "oliýa" ýag
W - "wet" duz

A - "ab" suw
Ş - "şaly" tüwi

Bu sözler şol döwürlerde ulanylýan şiwe sözlerdir. Ibn Sina palowy derman hökmünde döredip çişip oturan Buhara hökümdaryny bejeripdir, ony aýaga galdyrypdyr. Elbetde, palow köp derdiñ dermany hasaplanyp, ganyñy arassalaýar. Ganyñy arassalamak bilen bir hatarda onuñ düzümine ýokumlulyk, gujurlulyk berýär. Galybersede palow aşgazandaky we bedendäki gerekmejek zyýanly suwlary we suwuklyklary özüne siñdirýär. Il içinde "hepdede bir gezek balyk we palow iýýän adamyñ ýanyna dert gelmez" diýen aýtgylar bar.

Taýýarlan: Sylapberdi Mämmedow islen.ru
31
153
Kenno_Tabi
29 Fewral 2024
Islen.ru ❌ islenen.ru ✅
vekil_city
27 Fewral 2024
Palowmy ýa palaw? ))
medik_
27 Fewral 2024
Agsama palawa gelip bilersiniz😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.