Relax
27.02.2024 10:32


Nury Halmámmedowyñ bellikler depderinden.


Adamzat ösdügiçe wagşylyk azalar öýdýändirler. Muhammet pygamberiň dişini döwdüler, Mansur Hallajy parça-parça bölekläp, odun ýaly ýakdylar, Jelaleddin Rumyny mazara alyp barýarkalar tabydyny omurdylar, Nesimini dabanyndan soýdular, Magtymgulynyň kitaplaryny yakdylar... Soňuny özüň sanaber.

***

“Keýpler niçik” diýsem, “Töhmete galyp, dar agajynyň aşagynda duranyňky ýaly” diýýär.

***

Onuň jaň etmesi ýokdy. Bir gün jaň edýär: “Men gaýdyp barýan, razy bolmaşak” diýýär. “Nira gaýdyp barýaň?” diýsem: “O dünýä” diýýär. Özem gaty rahat, başga bir şähere gezelenje gidýän ýaly. Men-ä oýun edýändir öýtdüm. Bäş-üç gün geçdimi-geçmedimi, öldi habary geläýdi.

***

“Sesim ýyldyza ýeten aýdymçydym, arman, kerler diňleýjim boldy.” diýip ah çekdi.

***

Aýaly näçe zeýrense-de, aýlygyny alan güni bir gujak kitap satyn alýar. “Mukaddes kitabymyzyň ilkinji buýrugy “Oka!” diýlip başlanýar” diýýär.

***

Gurbaga pişige: “Ogry, gorkak bolmadyk bolsaň, gaplaň bolardyň” diýdi. Pişik gurbaga: “Ýeňles, ýalta bolmadyk bolsaň, krokodil bolardyň” diýdi.

***

Ol güýçli alymdy. Ölmezinden öň ähli ýazanlaryny ýakaýdy. Oňa däliredi diýenlerem, aklyna aýlandy diýenlerem boldy.



Çeśme: ORAZ YAĞMUR ,,Beÿik köñle syÿahat" kitabyndan.

44
242
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.