https://owrenmeli.app/62747-gepilerime.html#comment
ezizhan_hallyyew
26.02.2024 19:10
Diňläň meni gepçilerim,
size diýjek sözüm ba
Dogry menem ynsan ogly,
meňem kemçiligim ba
Çigit ýaly ýalňyşymy
Beýik daga öwürmäň
Durmuş meni ýykaýmasa
Boş geplere döwülmen!
Maňa galsa diliňizi
Mynjyradyp basardym
Baryňyzy bir gaýadan
Diliňizden asardym
Dogry ýöne siz ýaly
Bahyl gerek adama
Gybatyňyz dowam ediň
Gepçilerim ýadamaň
Erkek sypat aýallar
Aýal sypat erkekler
Dili bilen ýöreýän
Düşinjesiz tentekler
Galmak üçin siz ýaly
Bahyl gerek adama
Gybatyňyz dowam ediň
Gepçilerim ýadamaň
😎😎🤙🤙🤙😎😎
37
124