lavinya_
26.02.2024 10:28
Geljegime aýak basman oýlanyp,
Yza bakdym geçmişime çekip çäk.
Adamlaryň arasyndan saýlanyp,
Galdym tenha özüm bilen ikiçäk.

Geldim şu günlere, geldim şu ýere,
Il aýagna aýak goşup, ýol aşyp.
Humly küýzeler dek ommalyp ýatan,
Syrly dymýan alaňlara dyrmaşyp.

Ot ýakyndym il-günümden ot alyp,
Şu oturan ak depämiň üstünde.
Armanym ýok, türkmen ysyn ýatladyp,
Tüssäň ysy gelip dursa üstümden.

Şükür, ot berdiler, odun berdiler,
Baky lowlap durjak odum, közüm bar.
Adamlar, siz maňa syrly seretmäň,
Hem: «Ýeke özi samrap otyr» diýäýmäň,
Men ýalňyz däl, meň ýanymda özüm bar.


Awtor:Laçyn Pürjäýewa
23
45
lavinya_
7 Mart 2024
@Sunshine lady, ýoo bar ekena
Abat_
7 Mart 2024
@lavinya_, pozdurypdym postlarymy
lavinya_
7 Mart 2024
@Sunshine lady, islenene girip bilmedimda Edibyat kafe:)
Abat_
7 Mart 2024
@lavinya_, haýsyny aýdýaň, islenen mi yada edebiýat cafemi?
lavinya_
7 Mart 2024
@Sunshine lady, yoo varsın işte daha demin bakdim :)
Abat_
7 Mart 2024
@lavinya_, şuwagt ýokdurla:)
lavinya_
7 Mart 2024
@Sunshine lady, Howwa oo baram yerimde senem bar ekeniň:)
Abat_
7 Mart 2024
Laçyn Pürjaýewanyň goşgularyny öňüňe alypsyň öýdýän:))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.