Ýaş şahyr 97
25.02.2024 00:05
Adam ogly, durmuş gurup,
Ene-atadan ,  daş    bolma.
Haram pula,  meýlis gurap,
Maşgalaň bilen şat bolma.

Bu  durmuşda  gynasalar,
Zähmet  bilen   synasalar,
Agam    diýip      sylasalar,
Iliň   öňüne,   baş    bolma.

Adam  bolan, derde  galsa,
Hakdan diläp, ýardam alsa,
Zenan   saňa,  sala    salsa,
Dury   pikirlen,  ýaş  bolma.

Bir   gözeli,   söýer   bolsaň,
Onuň   üçin,  köýer   bolsaň,
Söýmedigni,  duýar   bolsaň,
Abraýdan düşüp, mat bolma.


Erkek  bolan,   ownap   barýar,
Zenan  bolan,   aýnap   barýar,
Seret,    çagaň  dagap   barýar,
Öz dogmaňdan bir,  ýat bolma.

Hangeldi,    ömür    içinde,
Güni   kyn,  döwür   içinde,
Bar   kişi,    gowur,   içinde,
Özüň  kiçeldip,  dat bolma.

Ýaş şahyr;Hangeldi Orazmyradow.
Habarlaşmak üçin+99363842143.
21
26
sabyrly
25 Fewral 2024
Gowy goşgy bolupdyr ortadan alan kapýalarñam gowulasañ has gowy bolardy üstünlik galamña bereket
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.