manolya
24.02.2024 12:30
Çilimiň zyýanlary...

Çilim çekmek dünýäniň köp döwletlerinde giňden ýaýran zyýanly endikleriň biridir.

Çilimkeşlik – bu adaty neşekeşlikdir. Onuň giňden ýaýran görnüşi bolan nikotinizm bolsa adaty temmäki çekmeklikdir. Temmäki çekmeklik erbet endikleriň biri bolup, çilim çekýäniň-de, onuň daş – töweregindäki adamlaryň-da saglygyna uly zyýan ýetirýär.

Temmäki ýewropalylaryň Amerikany açmazdan ençeme wagt öň ösdürilip ýetişdirilýärdi. Bu ösümlik ýewropa XV asyryň ahyrynda getirilýär. Temmäkini başda çilim hökmünde çekmän, eýsem owadanlyk we derman oty hökmünde ösdüripdirler. Fransiýanyň Portugaliýadaky ilçisi Žan Niko 1560-njy ýylda öz melikesi Ýekaterina Mediçä ysgamak üçin temmäkiniň owradylan ýapraklaryny sowgat edýär. Žan Nikon temmäkiniň ýapraklaryny şypa berip, kellagyryny aýyrýar diýip hasaplapdyr. Şeýdip, bu ilçiniň familiýasyndan çilimiň esasy düzüminiň – nikotiniň (iň zäherli alkoidleriň biri) ady döräpdir.

Çilimkeşlik köp adamlaryň agyr kesellemegine, ir ölmegine we maýyp galmagyna sebäp bolýar. Bütindünýä saglygy goramak (BSG) guramasynyň maglumatlaryna görä, çilimkeşlikden ýer ýüzünde her ýyl 2 000 000 adam ölýär. Çilim bedeniň güýjüni 20%-e çenli peseldýär. Gynandyryjy ýagdaýlaryň biri-de, soňky döwürde çilimkeşlige aýallaryň hem ýykgyn bolýanlygydyr. Aýallaryň öz geljekki nesilleriniň öňündäki jogapkärçiligini undýandygy örän gynandyrýar!

Göwreli aýallara çilim çekmeklik düýbünden gadagandyr. Sebäbi temmäkiniň düzümindäki zäherleýji maddalar enäniň göwresindäki çaganyň ösüşine uly zyýan ýetirýär. Çilim çekýän aýallaryň çagalary düşüp ýa-da aýy-güni ýetmän doglup bilýär. Dogabitdi maýyp çagalaryň dogulmak howpy artýar. Göwrelilik döwründe çilim çekilmegi çagalary fiziki we psihomotor ösüşlerinde yza galmagyna sebäp bolýar.

Öýken ragynyň 30%-i çilimkeşligiň netijesinde bolýandyr. Çilimkeşlik erkeklerde ragyň 7 görnüşini, aýallarda 9 görnüşini döredip bilýär. Çekilen ýekeje çilim awtoulaglaryň üýşen ýerinde 36 sagadyň dowamynda bolmaklyga barabardyr.

Onuň düzümindäki nikotin iýmit siňdiriş, ýürek-damar, ganaýlanyş, dem alyş ulgamlaryna ägirt uly zyýan ýetirýär. Çilim işdäňi kesýär, iýmit siňmegini kynlaşdyrýar, aşgazanyň, gyzylödegiň we beýleki iýmit siňdiriş agzalarynyň başly ýaralarynyň, howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Çilimkeşleriň arasynda dodagyň, diliň, bogazyň we öýkeniň ragy, ateroskleroz, miokardyň infarkty giňden ýaýrandyr.

Mälim bolşuna görä, çilimiň tüssesinde 4000-den gowrak himiki maddalar bar. Olaryň 43-si ragyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Olaryň arasynda sianid, benzol, metil spirti, asetilen (kebşirleýiş işleri geçirilende ulanylýan ýangyç), karon, karbon monoksit, azot oksidi, uglerod okisi (zäherli gazlar) bar. Çilim tüssesiniň iň işjeň elementleri bolsa adamda güýçli baknalyk döredýän nikotindir. Ol temmäkiniň ýapragynda we tohumynda saklanýar. Nikotin ýakymsyz ysy bolan we ýakyp barýan tagamly, suwda ereýän maddadyr. Ol zäherli madda bolany sebäpli, nerw ulgamynda oýanyjylyk döredýär. Soňra merkezi nerw ulgamyny zaýalaýar. Bedeniň gan damarlarynyň gysylmagyna eltýär, nemli bardany gyjyndyrýar. Köp mukdarda ulanylsa, damar çekmä we ölüme eltýär.

Çilimkeşlik adamyň ömrüni ortaça 8-10 ýyl kemeldýär. Çilim çekýänleriň arasynda 65 ýaşa ýetmezlik howpy bardyr.

Taýýarlan Şirin Baýlarowa
36
174
flowers_
24 Fewral 2024
@mawy, şu zatlary görübem ýene çekip bilýaler:(
manolya
24 Fewral 2024
@flowers_, gorkunçmy😄
flowers_
24 Fewral 2024
😬
manolya
24 Fewral 2024
@tmcell, ýok🤥
manolya
24 Fewral 2024
@Imissyou, 🤦
manolya
24 Fewral 2024
@Imissyou, ýalan bir sözleme😅 üstüňden ysy gelip dur 😂😂
manolya
24 Fewral 2024
@Imissyou, ýok😅 seniň ony diýesiň ýokla
manolya
24 Fewral 2024
@Imissyou, ulanjak dälä diýäýme 🤦
manolya
24 Fewral 2024
@asking, 😅
manolya
24 Fewral 2024
@Avion, hawa )) sen dogry aýtýaň
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.