lavinya_
24.02.2024 12:21
Haçan gelip, haçan gitdi ol Guşum?!
Ömrüň Ýaşlyk atly serçesi hany?!
Pyr-pyrlanýan semazen deý olmuşam,
Ömrüň Ýaşlyk atly seždesi hany?!

Depesi dumanlap-dumanlap duran,
Gursagy ummanlap-ummanlap duran,
Aýaklary — ýüwrük, elleri —ussat,
Ömrüň Ýaşlyk atly peşgeşi hany?!

Bir pursatda set-müň reňki sazlaşan,
Set-müň reňki owazlaşan, ýazlaşan,
Ýüpejigniň ujy ýürekden gaýdan
Ömrüň Ýaşlyk atly keşdesi hany?!

Ter-tämiz, ter-tereň duýgular bilen,
Serçemen, gül-Erem duýgular bilen,
Lummurdap-lummurdap, göwnümi suwlan,
Ömrüň Ýaşlyk atly çeşmesi hany?!

Söýgüden, höwesden, gaýrat-gujurdan,
Mertlik-batyrlykdan, yhlas-hyjuwdan,
Töwekgellikden hem dostlukdan düzlen,
Wepaly, okgunly, erjel, şadyýan,
Ömrüň Ýaşlyk atly leşgeri hany?!

Ömrüň Ýaşlyk atly neşteri hany?!
Ömrüň Ýaşlyk atly eşreti hany?!
Eý, Halaýyk, Heňňam, Zemin-u-Asman!
Hany,
Ýaşlyk hany,
eşdeli, hany?!


Awtor:Laçyn Pürjäýewa
33
52
lavinya_
25 Fewral 2024
@flowers_, Sema etýän adama diýilýär öýütýän özä semazen:)
flowers_
24 Fewral 2024
"Semazen" näme diýmekkä?🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.