gokgi
22.02.2024 15:49
"Pixar" studiýasynyñ "Oýnawaçlaryñ başdan geçirmeleri" atly meşhur multifilmi 1995-nji ýylda ekrana çykaryldy. Bu multifilm kompýuter grafikasynda modelirlenen ilkinji doly mazmunly multifilm hökmünde taryha girdi.
Multifilm düşürilmezinden ozal, studiýanyñ režissiýorlary hem-de olaryñ topary oýnawaç hem-de gurjak satylýan dükanlaryñ ençemesine aýlanypdyrlar we olaryñ içini öwrenipdirler. Muña olar 2 ýyldanda gowrak wagt sarp edipdirler.
Multifilm tomaşaçylara hödürlenen badyna ägirt uly meşhurlyk gazanýar we ol "Oskar" baýragyna mynasyp bolýar. "Oýnawaçlaryñ başdangeçirmeleriniñ" üstünlige eýe bolmagy bu multifilmiñ ikinji hem-de üçünji bölümleriniñ hem düşürilmegine itergi berýär. Multifilmiñ dowamynyñ düşürilmegi bilen animatorlar oýnawaç gahrymanlaryñ barha könelýändigini görkezmek isläpdirler. Keramikadan ýasalan "çopan gyzyñ" könelendigini görkezmek üçin hakyky keramikanyñ könelmeginden emele gelýän owunjak çyzyklary ýeke-ýeke çyzyp çykan animatorlar bu işiñ juda ýadadandygyny belläp geçipdirler. Animatorlaryñ ýene-de köp zähmet çekmeli bolan sahnalarynyñ biri hem, antikwar dükanyndaky harytlaryñ galyñ tozanyny şekillendirmek bolupdyr.
"Pixar" studiýasy bu multifilmiñ üçünji bölüminiñ jemleýjidigini habar beripdi. Şonuñ üçin hem oglanjyk Endiniñ ähli oýnawaçlary bilen hoşlaşýan sahnasy hem düşürilipdir, emma üçünji bölümiñ ägirt uly meşhurlyga eýe bolmagy we köp girdeýji getirmegi onuñ dowamynyñ hem düşürilmegine itergi berdi.

"Güneş".
22
62
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.