loona_girl
22.02.2024 14:44
Eneň ataň seni hemmeden söyer,
Başga ynsanlardan söýga garaşma.
Mähirli görünen bolýarlar her kim,
Çyn ýürekden çykan duyga garaşma.


Alyp bilse aýagyňdan aljaklar,
Sogap alman jennetede barjaklar.
Wezipeli bolsaň dostuň boljaklar,
Dowur şeyle wagty dosta garaşma.


Ka bir gyzlar oglandan kop bilýärler,
Puluň kän bolaýsa şeýle söyyärler.
Bu gün tanyş erte janam diyyarler,
Zaman şeyle wagty söýga garaşma.


Oglanlara gyz owadan bolmaly,
Kyrkyny söýsede birini almaly.
Nämemişin erkek şeýle bolmaly,
Beyle erkeklerden wepa garaşma.


Gorkubergin diňe seni owseler,
Salamyda saňa saýlap berseler.
Ýallaklanyp gayta gayta gelseler,
Şol adamdan hiç gowluga garaşma.


Başga günüň galsa edya minnetli,
Köp adam unutdy parzy sünneti.
Şondada arzuwlap gezsse jenneti,
Ol ynsandan hiç ynsaba garaşma.


Men görmesem seni Allan görýandir,
Kate synap yada sylap beryandir.
Kimiň kimdigini hokman bilyandir,
Adamlardan hiç komege garaşma.


Awtor: Jeren Meňlibaýewa.
27
49
kkll
22 Fewral 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.