atakulyyewa_humay
22.02.2024 06:59

Hemmäňize salam, gowmy ýagdaýlaryňyz!😊


Düýn, Hytaý döwletiniň bilinmeýän täsinliklerinden ýene bir zat öwrendim we ony sizler bilen hem paýlaşmakçy. ☝️


📌Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Her bir ýurtda özleriniň däp -dessurlary bolýar, meniň aýtjak bolýanym, Hytaýlaryň toý etmek däp-dessurlary barada bir kiçiräk maglumat.👰‍♀️🤵


Nähili?! Hytaýlarda toý edenlerinde şeýle däp dessur bar ekeni, ýagny durmuşa çykýan gyz, toýa 1 aý galandan başlap, günde hökmany bir sagat aglamaly diýa🤭 hökmany aglamaly ekeni, soňra 10-njy gününde bolsa gyzyň ejesi bilen birlikde aglamaly diýä 😁, soňra 20-nji gününde bolsa gyzyň mamasy hem goşulyp bile üç bolup aglamaly ekenler 🤭, soňra 1 aý bolanda şol gyzyň öýünde hemme gyz-gelinler üýşüp aglap gyzy ugratmaly diýä, Garaz, şol durmuşa çykýan gyzyň bagtly bolmagy üçin, baran öýüne aýagy düşümli gelinleriň biri bolýar diýip yrym edýärmişinler:)))




Suratda, hytaý toýlary!

51
337
ylham_gurbanaly
20 Mart 2024
Seret, bu hemme ýerinde deň däl bolmagam mümkin. Sebäbi bizde-de 5 welaýat, hersiniň öz däbi başgaça)
gulshatayewa97
23 Fewral 2024
Öli ugradylanda bir aý soňundan aglanylýa geň ekenäý bulaňky 😐
atakulyyewa_humay
22 Fewral 2024
@Imissyou, Salam. Gowy. Gowmy özüňem?
möjek_daýy🐺
22 Fewral 2024
@atakulyyewa_humay, mm dogry haysy shaherinde okayanyz
atakulyyewa_humay
22 Fewral 2024
@oktyabr_03, gowy sorag, şol maşgalada iň uly zenan geçmeli ekeni, ol ýerini bellemändirin, ýöne hytaý halky uzak ýaşaýan halk bolany üçin olaryň hemmesi bar bolaýmasa, meniň bilýänlerimde ejesem, mamasam bardy :))
möjek_daýy🐺
22 Fewral 2024
Toy edyan gyzyn ejesi mamasy yogalan bolsa kim bn aglamaly:)
atakulyyewa_humay
22 Fewral 2024
📌Şu ýerde käbir ynanmazçylyk edýänlere ýüzlenesim gelýär, menem Hytaý barada maglumatlary siz bilen paýlaşamda patalokdan alyp aýtmaýan, ilki bilenä Hytaýda özüm okap ýöremsoň gözüm bilen göremsoň, gulagym bilen eşidemsoň, ýa bolmasa öz halkyndan öň okap gidenler bar bolanlardan sorap anygyna ýetip paýlaşýaryn
lavinya_
22 Fewral 2024
Ohaa 1 aýalap 1 sagat ağlamak 🤦🏻‍♀️ 😅
kamil
22 Fewral 2024
"Made in China" ol-a
yurek
22 Fewral 2024
Aglaman baranda bolonokmuka
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.